TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Sport we sagdynlyk – ösüşleriň gözbaşy

Häzirki wagtda ýurdumyzda bilimi, sporty ösdürmäge, bu ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzyň şahsy göreldesine eýerip, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesek türgenleriň, hem-de, sportuň dürli görnüşlerine gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň sany gün-günden artýar. Çünki, munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna, adamlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine ýardam berýär. Ýurdumuzyň sport binýadyny ýokary derejede ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Eziz Diýarymyzyň häzirki wagtda şäherdir obalarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän köpugurly sport mekdepleridir toplumlary, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda köpugurly döwrebap sport toplumy, Golf sport toplumy hem-de beýleki köp sanly sport toplumlary gurlup ulanylmaga berildi.

Hormatly Arkadagymyzyň ýurdumyzda amala aşyrýan giň gerimli maksatnamalaryň özenini mydama ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky alada düzýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri bolsa adamyň ähli mümkinçiliklerini doly açmaga ýardam edýär.

Ýene-de birnäçe günden ýurdumyzda  Bütindünýä  saglyk güni giňden bellenilýär. Şoňa görä-de,  köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi Türkmenistanda giň gerime we uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe boldy. Ýokary görkezijili sportuň ösüşi hem bu gün täze badalga aldy.

Garaşsyz döwletimiziň sport senenamasyna ajaýyp wakalaryň ençemesi ýazyldy. Türkmenistan dünýä we sebit derejesindäki iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Eziz Watanymyzyň bu ugurdakу üstünlikleri abraýly halkara guramalar tarapyndan ykrar edilýär.

Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan ýurdumyz dünýäde olimpiýa hereketini ösdürmäge hem mynasyp goşant goşýar.

2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmegi ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketini işjeňleşdirmek we goldamak, milli hem-de ählumumy derejede jemgyýetiň ýokary ekologiýa medeniýetini kemala getirmek ugrunda edýän yzygiderli tagallalarynyň halkara bileleşik tarapyndan giňden ykrar edilendiginiň subutnamasydyr.

Häzirki wagtda sport halkara hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegi, ussatlygy bilen olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryny tassyklaýan türgenler bolsa parahatçylygyň ilçileri hasaplanylýar.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda köpçülikleýin sport çäreleriniň sagaldyş hem-de terbiýeçilik ähmiýetinden başga-da, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek babatynda-da möhüm ähmiýete eýe bolup, jemgyýetde ekologiýa garaýyşlarynyň kemala gelmegine ýardam edýändigini belleýär. Ekologiýa medeniýeti hem-de sagdynlyk bitewi düşünjelerdir.

Saglyk hakyndaky alada we keselleriň öňüniň alynmagyna bagyşlanan Bütindünýä saglyk güni 1950-nji ýyldan bäri her ýylyň 7-nji aprelinde tutuş dünýäde giňden bellenilip geçilýär. Bu senäni döretmek baradaky pikir 1948-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş Assambleýanyň birinji mejlisinde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň döredilmeginiň şanyna öňe sürüldi. 70 ýyldan gowrak wagtdan bäri bellenilip gelinýän Bütindünýä saglyk güni diňe bir baýramçylyk bolman, eýsem, saglyk barada pikirlenmek, dürli keselleriň öňüni almak, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak baradaky düşünjeleri baýlaşdyrmak üçin uly mümkinçilik hem bolup durýar.

Begmyrat Myradow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle