TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Sport ulgamyndaky döwrebap ösüşler

Köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Türkmenistan ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýar. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesini durmuşa geçirmekde, parahatçylyk söýüjilik, dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrmakda halkara sport hereketiniň ynsanperwer özeni aýratyn ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz öz şahsy göreldeleri arkaly ildeşlerimizde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermäge uly höwes döredýärler. Bu ugurdaky işler “Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni hem-de sporty goldamagyň we ösdürmegiň Maksatnamasynda” we beýleki döwlet maksatnamalarynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenendir.

Ýaşlar syýasatyny amala aşyrmakda-da sporta aýratyn orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda: “Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär. Şonuň üçin raýatlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar” diýip nygtady.

Soňky ýyllarda  türkmen türgenleri köp sanly iri halkara ýaryşlara gatnaşýarlar we olaryň ählisinden diýen ýaly medallar bilen dolanyp gelýärler. Türgenlerimiziň goňşy Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen ýaşlaryň arasyndaky agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda, Russiýa Federasiýasynda guralan “Ýüpek ýoly — 2022” halkara ralli-reýdinde, Wladiwostok şäherinde geçirilen “Aziýanyň çagalary” atly VII halkara sport oýunlarynda, Türkiýe Respublikasynyň Konýa şäherinde guralan V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda üstünlikli çykyş etdiler.

Golaýda türkmen türgenleri Awstriýa Respublikasynyň Oberwart şäherinde geçirilen dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde karate-do boýunça geçirilen halkara ýaryşda, Çehiýanyň Pardubise şäherinde şotokan karate boýunça geçirilen dünýä çempionatynda hem-de Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde sambo we söweş sambosy boýunça geçirilen “Sambony esaslandyryjylaryň kubogy” atly halkara ýaryşda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary bilen dolanyp geldiler.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan türgenlerimiz yzygiderli sylaglanýarlar, bu hem türgenlerimizi täze üstünliklere iterýär.

Serdar Hezilow,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – beýik taslamalaryň çäginde

Welosiped ─ bu hereketiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Teswirle