30/11/2020 5:50
Home SPORT Ýewropanyň iň ýaş futbolçysyna “Golden Boy” baýragy gowşuryldy

Ýewropanyň iň ýaş futbolçysyna “Golden Boy” baýragy gowşuryldy

20 ýaşly norwegiýaly futbolçy, Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynyň hüjümçisi Erling Holand Ýewropanyň iň ýaş hem-de güýçli futbolçysyna gowşurylýan “Golden Boy” baýragyna mynasyp boldy. Bu barada “Tuttosport” neşiri habar berýär.

Bu abraýly baýray almak üçin dalaş eden futbolçylar: Eduardo Kamawinga («Renn»),Alfonso Dewis («Bawariýa),Seržinýo Dest («Barselona»), Ansu Fati («Barselona»), Fil Foden («Mançester Siti»), Jeýms Hadson-Odoi («Çelsi»), Deýan Kulusewski («Ýuwentus»),  Jeýdon Sanço («Borussiýa D»), Sandro Tonali («Milan»), Ferran Torres («Mançester Siti») we Winisisu Žunior («Real Madrid»).

Soňky gezek bu baýraga “Atletiko Madrid” toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Žoau Feliş mynasyp bolupdy.

Mälim bolşy ýaly, Erling Holand “Borussiýa Dortmund” toparynda 2020-nji ýylyň ýanwarynda çykyş edip başlady. Ol  Awstriýanyň “Zalsburg” toparyndan 20 million ýewro geçipdi. Holand german toparynda 29 duşuşykda 27 gezek tapawutlandy.

Erling Holand Milletler ligasy ýaryşynyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  İstanbul’da Türkmenistan Futbol Şöleni

IŇ TÄZE HABARLAR

Saýlaw möwsümi başlaýar : Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.
Okap bilersiňiz  Otly gatnawlary wagtlaýyn duruzulýar
Oňa Merkezi...

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Jozef Baýdene Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny...

“Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. 1.10. Ady agzalan türkmen romanyndaky “Akyl-paýhas sandyklary” diýen durnukly aňlatma hakynda gysgajyk maglumat Sagdyn düşünje sapaklaryna geçmezden...

Intellektual Telekeçi: Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak

Gazanç  gazanmak maksady bilen biznese baş goşýan, bazardaky haýsyda bolsa bir  kemçiligi aradan aýyran we töwekgelçilik eden şahsa telekeçi diýilýär. Telekeçilik işini ýa-da bu...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Zähmete minnetdarlyk güni

Ýaponiýanyň milli baýramçylyklarynyň biri bolan, “Zähmete minnetdarlyk güni” her ýylyň 23-nji noýabrynda ýurduň çäklerinde giňden bellenilýär. Bu günde ähli pudaklaryň işgärleri, daýhanlar, döwlet edaralarynyň...

Türkmenistan – Koreýa: hyzmatdaşlygyň gerimi giňelýär

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň sekizinji mejlisinde giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa...

Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini berer

Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna lukmançylyk enjamlary, azyk, dokma hem-de hojalyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwer kömegini berer. Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwer kömegini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň...

Maradonanyň ýadygärligi gurlar

Argentinanyň Buenos-Aýres  şäheriniň merkezi halkara howa menzilini dolandyrýan “Aeropuertos Argentina 2000” kompaniýasy, howa menziliň çäginde ýakynda aradan dünýä belli futbolçy Diego Maradonanyň ýadygärligini gurmak...