28/01/2021 9:42
Home SPORT Ýewropanyň iň gymmat futbolçysy kim?

Ýewropanyň iň gymmat futbolçysy kim?

Bu sowaly okan futbol janköýerleri ilki bilen Krsitiano Ronaldo, Lionel Messi, Neýmar, Mbappe diýmegi mümkin. Ýöne ol beýle däl.  Ýewropanyň öňdebaryjy 5  futbol ligasynyň iň gymmat futbolçysy hökümnde Markus Raşford saýlandy.

Halkara sport seljermeleri merkezi (CIES Futbol Obserwatoriýasy) tarapyndan Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynyň iň gymmat futbolçylarynyň sanawy düzüldi. Bu sanawda birinji orny Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň hüjümçisi Markus Raşford eýeledi. Ol dünýäniň iň gymmat 100 futbolçysynyň sanawynda birinji bolup, bahasy 165.6 million ýewro deňdir.

Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynyň hüjümçisi Erling Holand (152 mln) hem-de Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň goragçysy Trent-Aleksander-Arnold (151.6 mln) degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlary eýeledi.

“Barselonanyň” hüjümçisi Lionel Messi 97-nji orny eýelän bolsa, “Ýuwentus” toparynyň hüjümçisi Kristina Ronaldo ilkinji 100-likde orun hem almady. Ol 47 million ýewrolyk bahasy bilen 131-nji orny eýeledi.

Iň gymmat futbolçylaryň sanawy:

1. Markus Raşford («Mançester Ýunaýted») – 165,6 million ýewro.

2. Erling holand («Borussiýa» Dortmund) – 152 mln.

3. Trent Aleksander-Arnold («Liwerpul») – 151,6 mln.

Okap bilersiňiz  «Apple» kompaniýasynyň täze şahamçasy Hindistanda açylar

4. Bruno Fernandes («Mançester Ýunaýted») – 151,1 mln.

5. Kilian Mbappe («PSŽ») – 149,4 mln.

6. Jeýdon Sanço («Borussiýa» Dortmund) – 148,3 mln.

7. Žoau Feliks («Atletiko Madrid») – 141,5 mln.

Okap bilersiňiz  “Sag” we “çep” aýagyny ulanýan futbolçylaryň topary

8. Alfonso Dewis («Bawariýa») – 139,2 mln.

9. Rahim Sterling («Mançester Siti») – 136,9 mln.

10. Kaý Hawerts («Çelsi») – 136 mln.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Okap bilersiňiz  21-nji aprel Bütindünýä döredijilik we innowasiýa güni

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowe hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Döwlet serhet...

Iň köp isleg bildirilen kabelsiz gulaklyk

2020-nji ýylda “Bluetooth-gulaklygynyň” ähli görnüşleriniň jemi 300 million sanysy satyldy diýip, “Strategy Analytics” kompaniýasy maglumat berýär. Geçen ýylda kabelsiz gulaklyklaryň arasynda “TWS” gulaklygyna uly...

Türkmen toparlarynyň AFK Kubogyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Futbol Federasiýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.
Okap bilersiňiz  Transfer habarlary
Onuň netijesinde Türkmenistanyň futbol...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

UEFA 2020-nji ýylyň nusgalyk düzümini yglan etdi

Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigi 2020-nji ýylyň iň gowy futbolçylaryndan ybarat nusgalyk düzümi kesgitledi. Düzümde Germaniýanyň «Bawariýa», Ispaniýanyň «Real», «Barselona», Angliýanyň «Liwerpul», «Mançester Siti», Italiýanyň...

Türkmen toparlarynyň AFK Kubogyndaky garşydaşlary belli boldy

Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginiň bije çekişlik dabarasy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň Futbol Federasiýasynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Onuň netijesinde Türkmenistanyň futbol...

Milli synçylar bellige alyndy

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, milli parlament Milli Geňeş, onuň kanun çykaryjy palatasy Mejlis, wekilçilikli palatasy Halk Maslahaty...

Hepdelik täleýnama (25-31-nji ýanwar)

2021-nji ýylyň 25-31-nji ýanwary aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Bu hepde hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda...