17/01/2021 5:32
Home SPORT Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi.

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizda sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň onaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek we Olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek, şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerini ýokary derejede toplumlaýyn esasda taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Welosport federasiýasy hem-de Welosipedçileriň halkara bileleşigi bilen 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň welotrek sport toplumynda welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi.

Türkmenistanda ekologiýa taýdan arassa ulag hökmünde welosiped hereketine hem-de welosiped sportunyň ösdürilmegine uly üns berilýär. BMG Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde yglan etdi.

Siz biziň Android ulgamynda işleýän Applikasyýamyzy şu ýere basyp, özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp ähli  habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  On ýylda kim näçe gazandy?
Okap bilersiňiz  “Mrs Russia 2020” gözellik bäsleşigi tamamlandy

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen...

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.
Okap bilersiňiz  Iň gowy 25 Uniwersitet : Türkiýe
Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň daşary...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistanly ýaş alym guş dersinden ýokumly dökün aldy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň ösümlik ýagyny öndürmek hünäriniň 4-nji ýyl talyby Kadyr Amanow «Ekologiki arassa organomineral dökünleriň...

Hytaý rugsat berdi: BSGG-niň wekilleri Uhana geler

Koronowirusyň gelip çykyşyny öwrenmäge berkidilen halkara bilermenleriň topary Hytaýyň Uhan şäherine gelerler.  Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň mälim edişi ýaly, Hytaý hökümeti 11-nji ýanwar güni halkara...

«Yhlas bilen aglasaň…»

«...sokur gözden ýaş çykýandygyny» bir angliýaly ýene bir ýola subut etdi. Has takygy, ol sürüjilik şahadatnamasy üçin synaglara 157 gezek girip, 158-nji synagy üstünlikli...

Salahdan dogduk obasyna sahawat

«Liwerpulyň» we Müsüriň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Muhammet Salah Nagrig obasynda alnyp barylýan koronowirusa garşy göreşe maddy ýardam berdi. Bu barada «Mirror» gazeti...