27/10/2020 13:59
Home SPORT Türkmenistan Dewis kubogyna taýýarlanýar

Türkmenistan Dewis kubogyna taýýarlanýar

Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy Dewid Haggerti bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň, şeýle-de Daşary işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Dewisiň kubogyny almak ugrunda halkara tennis ýaryşlaryň tapgyrlaýyn duşuşyklaryny geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dewisiň kubogynyň çäklerinde Dewid Haggertiniň Türkmenistana saparyny gurnamak baradaky meselelere hem seredildi.

Mundan başga-da, ilat arasynda tennisi ýaýbaňlandyrmak, ýurdumyzda hünär taýdan tennise ýöriteleşen türgenleri taýýarlamak maksady bilen, taraplar Halkara tennis federasiýasynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň we Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Iş meýilnamany işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek meseleleri babatda pikir alyşdylar.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

IŇ TÄZE HABARLAR

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Teýlor Swiftiň 40,000 dollarlyk meşhur gitarasy satuwda

“Covid-19” epidemiýasyndan ejir çekenleriň peýdasyna açylan gaznada beriljek satuwda Teýlor Swiftiň ýygyndysyndan ýörite 2018 gibson gitarasy satuwa çykarylar. Ol gitara 25 müňden 40 müň...

Saçda pizza

Mähriban okyjylar, men size bu gezek gysga wagtyň dowamynda saçda pizza taýýarlamagy öwretmekçi. Munuň üçin gerekli önümler: 2 sany ýumurtga 2 nahar çemçe uýadylan...

Nädip benziniň sarp edilşini tygşytlamaly

Ilkibaşdan, bilmeli zadymyz: siziň wezipäňiz — benziniň sarp edilişini azaltmak däl-de, onuň artykmaç harçlanmagynyň öňüni almakdyr. Dürli görnüşli enjamlary ulanmak arkaly benziniň sarp edilişini...

Ýeňişleriň has ulusynyň öňdedigine ynanýaryn

Paýtagtymyzyň gözel seýilgähleriniň birinden  güýz paslynyň saralan ýapraklarynyň sadaja öwüsýän şemala özboluşly bir ses edip, kalbyňy heýjana getirýän sazlaşykly simfoniýasyna maýyl bolup, dünýäni undup...