8.9 C
Istanbul
02/06/2020 11:50
Home IŇ TÄZE HABAR Türkmenistan bilen Gazagystan sport hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan bilen Gazagystan sport hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýolbaşçylary bilen Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we sport wise-ministri S.Musaýbekowyň arasynda onlaýn duşuşygy geçirildi.

Gepleşige Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we iki ýurduň Milli olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylary çagyryldy. Onda sport ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki ugurlaryna hem-de Tokioda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň meselelerine garaldy.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyzda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Halkara ölçeglerine gabat gelýän döwrebap köpugurly stadionlaryň we beýleki möhüm sport desgalarynyň gurluşygy boýunça ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Taraplar däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça tejribe alyşmagyň, iki dostlukly ýurduň degişli düzümleriniň arasynda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny nygtadylar.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan bilen BAE-nyň arasynda hukuk hyzmatdaşlygy

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Strategik bilimler we barlaglar merkeziniň (ECSSR) ýerine ýetiriji...

Türkmenistan Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň ýygnagyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Dikeldişe tarap hereket» atly ýokary derejeli sebitleýin maslahat geçirildi. Çäre BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan guraldy. Sebitleýin...

Türkmenistan we Eýran serhetdäki gözegçilik nokatlaryny güýçlendirýärler

2020-nji ýylyň 30-njy maýynda «Sarahs–Sarahs», «Artyk– Lütfabat» we «Altyn Asyr– Inçeburun» gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurluşygy alnyp barylýan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek hem-de bu...

Türkmenistan bilen Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň telefon sohbetdeşligi

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Howa barha arassalanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän karantin çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary 2,6 Gt azaldy. Bu bolsa, adamzadyň senagat önümçilik...

Älemgoşar öwüşginli gulaklyklar

Beats kompaniýasy «Powerbeats Pro» atly täze simsiz gulaklyklarynyň dört sany täze reňkini yglan etdi. Älemgoşar reňklerini özünde jemleýän täze gulaklykar açyk sary, gülgüne, gyzyl...

Çempionlar ligasynyň ökde tälimçisi

Şa topary bolan "Real Madrid" toparynyñ baş tälimçisi Zinedin Zidan, Çempionlar Ligasynyñ taryhy boýunça iñ gowy tälimçi diýip saýlanyldy. Zinedin Zidan Çempionlar ligasyny üç...

Özbegistanda ekine onlaýn gözegçilik ýola goýuldy  

Özbegistanyň Andijon welaýatynda 6 gektar meýdanda «Emeli intellekt» tehnologiýasy ornaşdyryldy. Synag üçin alnan bu ýer bölegi baradaky ähli maglumatlar «Monterra» onlaýn platformasyna ýerleşdirildi. Ýerden alynýan...