28/01/2021 10:43
Home SPORT Salahdan dogduk obasyna sahawat

Salahdan dogduk obasyna sahawat

«Liwerpulyň» we Müsüriň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Muhammet Salah Nagrig obasynda alnyp barylýan koronowirusa garşy göreşe maddy ýardam berdi. Bu barada «Mirror» gazeti habar berýär.

Çeşmäniň ýazmagyna görä, futbolçy bu obada ýerleşýän hassahana üçin kislorod balonlarynyň uly toplumyny satyn alyp berdi.

Bu ynsanperwer hereket Salahyň dogduk obasy üçin eden ilkinji ýagşylygy däl. Onuň geçen ýylyň aprelinde obanyň ýaşaýjylary üçin birnäçe müň tonna azyk-owkat satyn alandygyny we bu ýerde saglyk merkeziniň gurulmagy üçin 30 müň funt-sterling möçberinde serişde goýberendigini ýatladýarys.

Ýeri gelende aýtsak, dünýä ýyldyzy 1992-nji ýylyň 15-nji iýunda Müsüriň Basýun şäheriniň golaýynda ýerleşýän hut şu obada dünýä indi.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

Okap bilersiňiz  WADA’dan Türkmenistan’a destek

IŇ TÄZE HABARLAR

Pomidor agajy

Gündelik durmuşymyzda esasy azyk önümi hökmünde giňden ulanylýan  pomidoryň diňe bir otjumak görnüşi däl-de, eýsem edil beýleki miweli baglar ýaly agaç görnüşi hem ösýär....

Eşitme ukyby bolmadyk (lal) adamlar bilen nädip aragatnaşyk saklamaly?

Eger-de ýoldan geçenimizde öňümizden kömege mätäç adam çykanynda, kömek etmäge çalyşýarys. Eger-de ol adamda gürlemek ukyby bolmasa näme etmeli? Kömek etmän gitsek bolarmy? Umuman...

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowa hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Döwlet serhet...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Dawos forumy: «Sputnik V» sanjymyny 25 ýurt bellige alar

Her ýyl ýanwar aýynda Şweýsariýanyň Dawos şäherçesinde Bütindünýä ykdysady forumy ýa-da dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan Dawos forumy geçirilýär. Şu ýyl dünýädäki emele gelen...

Söwda dükanlary hususylaşdyrylýar

Ýurdumyzda hususylaşdyrmak işlerine giňden badalga berilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem hasabat berildi.
Okap bilersiňiz  Şaşka ýaryşy metbugat sahypalarynda
Hasabatdan görnüşi ýaly,...

Mesut Öziliň transferi amala aşdy

Angliýanyň "Arsenal" toparynda çykyş eden asly türk bolan Germaniýanyň raýaty Mesut Özil resmi ýagdaýda Türkiýäniň "Fenerbahçe" toparyna geçdi. Özil bilen türk toparynyň arasynda 3,5...

ABŞ-da okamak mümkinçiligi

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy ABŞ-da ýokary bilim almak isleýän ýaş türkmen raýatlaryny ABŞ-nyň uniwersitetlerine kabul edilmek üçin “Prep4Success” onlaýn okuwyna çagyrýar. Bu barada berlen bildirişe görä,...