27/11/2020 22:58
Home SPORT Medwedew dünýäniň iň gowy tennisçisini ýeňdi

Medwedew dünýäniň iň gowy tennisçisini ýeňdi

London şäherinde tennis boýunça “ATP” ýaryşynyň ikinji tapgyrynda russiýaly türgen Daniil Medwedew bilen dünýä belli, birinji derejeli raketka hasaplanylýan serbiýaly Nowak Jokowiç garşylaşdylar. Bu oýunda Medwedew ýeňiş gazanan mahalynda ýaryşyň ýarym finala gatnaşmak üçin hukuk gazanýardy, serbiýaly Jokowiç bolsa iki oýunda ýeňiş gazanmaly bolýardy. Sport bilermenleri tarapyndan seredilende bu oýunda Medwedew lider hasaplanmaýardy. Jokowiç bilen Medwedewiň arasynda geçirilen soňky duşuşyklaryň netijesinde serbiýaly tennisçi diňe bir gezek ýeňiş gazanmagy başarypdyr. Geçen möwsümde bolsa abraýly ýaryşlaryň ikisinde-de Medwedew, Jokowiçden üstün çykmagy başarypdyr. Birinji setiň üçünji oýnunda Medwedew 2 breýk-point gazanmagy başardy. Jokowiç oýunda hasaby deňläp, hatda 4 gezek oýunyň dowamynda öz tarabyna tamamlamak üçin pursat döredi. Emma Medwedew toplary soňky çyzgydan çykarmagy başaryp, bu oýuna we türgene garşy doly derejede taýýar gelendigini birnäçe pursatlaryň üsti bilen subut etdi. Oýun diýseň gyzgalaňly ýagdaýda geçdi. Munuň sebäbi iki türgeniň oýun tilsimi gabat gelýär diýip, bilermenler belläp geçdiler. Medwedew hut Jokowiçi 7 oýun yzly-yzlyna utmagy başardy, bu netije entäk “Rolan Garros” çempionatynyň finalynda çykyş eden Rafael Nadala hem başartmady.

Okap bilersiňiz  Hepdelik täleýnama (23-29-noýabr)

Umumy aýdanymyzda, Medwedew-Jokowiç arasyndaky duşuşyk (6:3, 6:3) hasaby bilen tamamlandy. Bu duýdansyz netijä hiç kim garaşmandy. Medwedewiň ýarym finaldaky garşydaşy, Stefanos Tsitsipas – Rafael Nadal arasyndaky duşuşykdan soň belli bolar.

Okap bilersiňiz  Kobi Braýanta ýokary sylag

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

IŇ TÄZE HABARLAR

Gözlegler we açyşlar: Amyderýa Hazynasy

“Amyderýa  Hazynasynyň  Syry” atly makalamyza dowam edýäris. Mälim  bolşy  ýaly  ýurdumyzyň  günorta  etraplary (Parfiýanyň  we  Margiananyň  ýerleri)  Ahemenitler  döwletiniň  21  satrapynyň (adminstratiw  birlik: etrap ...

Aman Kekilowyň eserlerinde “mugallym” we “mugallymçylyk” düşünjeleri

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. Şahyr, ýazyjy, alym Aman Kekilowyň türkmen edebiýatynda özboluşly yz galdyrandygy bellidir. Onuň şygyr setirleri bilen bezelen “Söýgi”...

Turkmenistan- Home of Neutrality and Role of ECO CCI in Sustainable Development

In my congratulatory message to Turkmenistan President H.E. Gurbanguly Berdimuhamedov and people of Turkmenistan, It is gratifying that December 12 has been adopted by...

Halil Avcı : Daimi Tarafsızlık – dünyada barış ve kardeşliğin güvencesi

Kardeş ve dost ülke konumundaki Türkmenistan için 2020 yılı ayrı bir öneme sahiptir. 12 Aralık 1995'de Birleşmiş Milletler Genel Kurulunda 185 ülkenin oy birliği...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Özbegistan “Oskara” dalaş edýär

Özbegistanyň Oskar komiteti tarapyndan Ýolkin Tuýçiýewiň “Faridanyň 2 müň aýdymy” atly filmi “Iň gowy halkara çeper film” ugry boýunça “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi. Bu...

Näme üçin kompaniýanyň ady “Xiaomi”?

Köp adamlar hytaý markalarynyň atlaryny gülkünç hasaplaýarlar. Bu barada “Xiaomi” kompaniýasynyň baş ýolbaşçysy Leý Szýun, öz söwda markasyna at dakmak bilen baglanyşykly tejribesi hakda...

Dünýä belli futbolçy Maradona aradan çykdy

Dünýä belli futbolçy, köp sanly futbol muşdaklarynyň ýüreginde orun alan türgen Diego Armando Maradona aradan çykdy. Ady rowaýata öwrülen bu futbolçynyň aradan çykmagy sebäpli...

Zergärçilik Sungatymyzyň Gözbaşynda: Amyderýa hazynasy

“Amyderýa  Hazynasynyň  Syry” atly makalamyza dowam edýäris. Ýene  bir  ýagdaýy  bellemekçi. Amyderýa  hazynasynyň  ilkibşdan  iňlis  koloniýaçylary  tarapyndan  jöwzaly  Hindistandan  dumanly  Albionyň  kenarlarana  baryp  ýetmegi,...