27/11/2020 10:25
Home SPORT Maskerano futbol sporty bilen hoşlaşdy

Maskerano futbol sporty bilen hoşlaşdy

Dünýä belli, ençeme meşhur toparlarda çykyş eden we Argentina milli futbol ýygyndysynyň ýarymgoragçysy we goragçysy hasaplanylýan Hawýer Maskerano özüniň futbol ýoluny tamamlandygy barada habar berýär.

“Men şu gün professional futbol karýeramy tamamlaýandygymy barada habar bermek isleýärin. Şeýle hem Argentinanyň “Estudiantes” futbol toparyny karýeramy tamamlamaga mümkinçilik berendigi üçin sag bolsun aýdasym gelýär “-diýip Maskerano nygtap geçdi.

Maskerano ençeme dünýä belli toparlarda çykyş etdi. Olar: “Riwer Pleýt”, “Korintians”, “West Hem”, “Liwerpul”, “Barselona”, “Hebeý Çaýna Forçun” futbol toparlarydyr. Şeýle hem ýarymgoragçy Argentinanyň we Braziliýanyň futbol çempionatlarynyň çempiony, Ispaniýanyň 5 gezek çempiony bolmagy başardy.  “Barselona” toparynyň düzüminde 5 gezek Ispaniýanyň kubogyny, 3 gezek ýurduň naýbaşy kubogyny, 2 gezek Çempionlar ligasyny we UEFA Superkubogyny gazanmagy başardy.

Argentinanyň milli futbol ýygyndysynyň düzüminde Maskerano, 2001-nji ýylda geçirilen ýaşlaryň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy. 2004 we 2008-nji ýyllarda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda iki gezek gyzyl medal gazandy. 2014-nji ýylda Braziliýa döwletinde geçirilen dünýä çempionatynda finala çykyp, kümüş medala mynasyp boldy.

Maskerano 1984-nji ýylyň 8-nji iýunda dogulýar. Boýy – 1,74 m. Häzirki wagtda Hawýer Maskerano 36 ýaşynda. “Barselona” futbol toparynda “14-lik” belgide, “Liwerpul” futbol toparynda “20-lik” belgide meýdança çykypdy.

Okap bilersiňiz  Angliýa we Italiýada futbol çempionatlary başlaýar
Okap bilersiňiz  Bir topar bilen 20 kubok

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň senesi belli boldy

Hormatly Pezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde Aşgabat şäherinde welotrek boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek babatda degişli resminama kabul edildi. Halklaryň arasynda dost-doganlygy,...

Nebit guýylarynyň öndürijiligini ýokarlandyrmakda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçiligine ornaşdyrmak arkaly nebit guýylarynyň önüm berijiligini...

Banklardan karzlary onlaýn almagyň tertibi ýola goýlar

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady...

Döwürleýin neşirleriň elektron ulgama geçmegi çaltlandyrylar

Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ýewropanyň iň ýaş futbolçysyna “Golden Boy” baýragy gowşuryldy

20 ýaşly norwegiýaly futbolçy, Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynyň hüjümçisi Erling Holand Ýewropanyň iň ýaş hem-de güýçli futbolçysyna gowşurylýan “Golden Boy” baýragyna mynasyp boldy. Bu...

Rus tennisçiniň uly ýeňşi

Tennis hünärmenleri birleşiginiň (ATP) jemleýji ýaryşynda final duşuşygy geçirildi. Finalda awstriýaly Dominik Tim bilen russiýaly Daniil Medwedew garşylaşdylar. Umumy hasapda 4: 6, 7: 6...

Çempionlar ligasynyň nobatdaky duşuşyklary

Futbol sportunda çempionatlaryň dowamynda oýunçylar wagtal-wagtal öz futbol milli ýygyndylarynda oýun geçirmeli bolýarlar. Şu nukdaýnazardan futbol äleminde futbol çempionatlaryň öňdebaryjysy hasaplanylýan Çempionlar ligasy gaýdyp...

Şu hepdäniň howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. “Türkmenistan” gazetinde çap...