28/11/2020 18:25
Home SPORT Habib mundan beýläk tutluşyk geçirmez

Habib mundan beýläk tutluşyk geçirmez

Köp sanly sport muşdaklarynyň söýgüsini gazanan Russiýanyň dagystanly çempiony Habib Nurmagomedow sportuň başa baş göreş ugrundaky karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi. Ol muny özüniň iň soňky hem-de ýeňiş bilen tamamlan tutluşygyndan soňra belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, sportuň garyşyk söweş ugru boýunça UFC ýaryşlaryndan ýeňil agramda çykyş edýän Habib Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen tutluşygynda amerikaly Jastin Getžini 2-nji raundda ýeňmegi başardy.

32 ýaşly türgen geçiren 29 tutluşygynda hem ýeňiş gazandy. Habib bu tutluşykdan soňra beren beýanatynda işjeň sport karýerasyny tamamlajakdygyny belledi.

– Hemmeler köp sag bolsun aýdýaryn. 2008-nji ýylda bu sporta baş goýdum. 2012-nji ýylda ilkinji tutluşygyny geçirdim. UFC ýaryşlarynyň ýolbaşçylary maňa ynam bildirdi. Men Dagystanyň adaty daglyk obasynyň oglany. Doganym maňa “Google” saýtynda häzirki wagtda dünýäde iň köp pikir alyşlýan adam bolandygymy belledi. Men muňa ynanyp bilmedim. Men muny kelläme hm getirip bilmedim. Men diňe kakam bilen bu sporta başladym we çempionlyk ädimlerini ätdim. Hemme zadyň şunuň ýaly egnime düşüp biljekdigini bilmeýärdim. Eger siziň ene-ataňyz bar bolsa, onda olaryň ýanynda boluň. Meniň diňe bir hossarym galdy – ol hem ejem. Men oňa has köp wagt aýyrmagy isleýärin – diýip, belledi.

Okap bilersiňiz  Olimpiadanyň howasyna uýgunlaşmak üçin
Okap bilersiňiz  Kurzawa ýene 4 ýyllap PSŽ-da

Habibiň bu tutluşygy onuň kakasy Abdulmanap Nurmagomedowyň aradan çykandan soňra ilkinji tutluşygy boldy. Abdulmanap Nurmagomedow Russiýanyň at gazanan tälimçisi. Ol şu ýylyň iýul aýynda aradan çykypdy.

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Maradonanyň ýadygärligi gurlar

Argentinanyň Buenos-Aýres  şäheriniň merkezi halkara howa menzilini dolandyrýan “Aeropuertos Argentina 2000” kompaniýasy, howa menziliň çäginde ýakynda aradan dünýä belli futbolçy Diego Maradonanyň ýadygärligini gurmak...

“Square” 3 günde üç rekord goýdy

Amerikanyň “Square” maliýe hyzmatlary kompaniýasyny 2009-njy ýylda “Twitter” jemgyýetçilik toruny esaslandyran Jek Dorsi we Jim MakKelwi tarapyndan döredildi. 2020-nji ýylda bu kompaniýanyň paýnamasy birden...

Döwürleýin neşirlere diňe pensionerler ýazylyp bilýärler

Kagyz görnüşindäki gazetleriň we žurnallaryň döwri kem-kemden geçmişe öwrülip barýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistandaky gazet-žurnallary abunaçylar elektron görnüşinde okap başlarlar.  Kagyz görnüşindäki gazet-žurnallara...

Türkmen Edebiýatynda “Mugallym” Düşünjesi

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. Giriş ýerine: Türkmenlerde “ataly-ogul” düşünje talantlylygy, pähim-paýhas ussatlygy bilen baglanyşykly soňky döwre degişli halkara derejesinde nusga görkezilip...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Kosmosdaky zibiller arassalanar

Ýewropa orbitadaky kosmos zibillerini arassalamagy göz öňünde tutýar. Munuň üçin 102 million dollar sarp ediler.
Okap bilersiňiz  Türkmen haltercinin ABD’deki zaferi
Ýewropanyň Kosmos agentligi Şweýsariýanyň “ClearSpace SA” kompaniýasy bilen bu ugurda...

Türkmenistan «Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşdy

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisi geçirildi, onuň barşynda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi. Forumyň barşynda Gazagystan Respublikasynyň daşary...

Rus sanjymy Hindistanda-da öndüriler

Russiýanyň göni maýa goýumlar gaznasy koronawirus ýokanjyna garşy işlenip düzülen “Sputnik V” sanjymyny Hindistanda öndürmek babatda şertnama baglaşdy. Hindistanyň iň uly derman öndürýän kompaniýasy...

Bitaraplyk sahypamyz öz işine başlaýar

Şu günler Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Kararnamasy bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny belleýär. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Diýarymyzyň...