20/01/2021 21:47
Home SPORT Germaniýanyň topary Serdar Azmun bilen gyzyklanýar

Germaniýanyň topary Serdar Azmun bilen gyzyklanýar

Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” topary Russiýanyň “Zenit” toparynda çykyş edýän eýranly Serdar Azmun bilen gyzyklanýar. Bu barada “Tuttomercatoweb” neşiri habar berýär.

Neşirde bellenilip geçilişi ýaly, häzirki wagtda Germaniýanyň topary bu futbolçyny satyn almak bilen gyzyklanýar. Onuň bahasy 20 million ýewro möýberinde kesgitlenýär.

Mälim bolşy ýaly, Eýranyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Serdar Azmun 26 ýaşynda. Ol Russiýanyň “Zenit” toparynda çykyş edip, häzirki möwsümde 20 duşuşykda 11 gezek tapawutlandy.

1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda dünýä inen Serdar Azmun 9 ýaşyndan bäri futbol oýnaýar. 11 ýaşynda Eýranyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyrylýar. 15 ýaşynda Isfahan şäheriniň “Sepahan” toparynda oýnap başlaýar.

Ol daşary ýurtlaryň futbol toparynda çykyş etmäge başlan iň ýaş eýranlyu futbolçydyr. 2012-nji ýylda ol Tatarystanyň “Rubin” toparyna geçýär. Ol ýerde bir ýarym möwsüm oýnady. 2015-nji ýylda “Rostow” toparyna kärendesine berildi. Soňra täzeden türkmenistanly tälimçi Gurban Berdiýew bilen “Rubin” toparyna dolanyp gelýär.

Russiýada çykyş edýän döwründe Serdar Azmun 154 duşuşykda oýnap, 42 gezek tapawutlandy. Şeýle hem ol Eýranyň milli ýygyndysynyň düzüminde 46 duşuşykda 28 pökgi geçirmegi başardy.

Okap bilersiňiz  Banega “Sewilýa” topary bilen hoşlaşdy
Okap bilersiňiz  Banega “Sewilýa” topary bilen hoşlaşdy

Azmunda 2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda Russiýanyň çempiony “Zenit” topary bilen şertnama baglaşypdy.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

“UFC” guramasyndan baýraga mynasyp boldy

Başa-baş söweş sungaty boýunça russiýaly txrgen Habib Nurmagomedow, UFC guramasy tarapyndan 2020-nji ýylyň “Iň gowy bogmak emeli” diýen baýragyna mynasyp boldy. Türgen öz ýürek...

Germaniýada örtügiň ornuna…

Ýewropada we Ýer ýüzüniň beýleki yklymlarynyň käbir döwletlerinde koronowirus keseliniň täze, has ýiti akymynyň ýaýramagy bilen, öňüni alyş çäreleri has güýçlendirilýär. Bu güýçlendirmeler Germaniýada...

Günorta koreýaly futbolça bagyşlanan film

Angliýanyň “Tottenhem” futbol toparynyň tälimçilik wezipesine Žoze Mourinýo bellenenden soňra, günorta koreýaly hüjümçi Son Hyn Miniň futbol karýerasyny ösüşlere tarap ugur aldy. Häzirki wagtda...

«Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrdy

2020-nji ýylyň 9 aýynda «Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberlerini 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,2 mlrd kub metre çenli artdyrdy. Muňa...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Milli ýygyndylar boýunça iň gowy tälimçi boldy

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) soňky on ýylda iň gowy milli ýygyndy tälimçileriň sanawyny düzdi. Sanawda birinji ýeri Germaniýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi...

Habib yzyna dolanýarmy?

UFC başa-baş söweş sungatlary guramasynyň ozalky pälwany Habib Nurmagomedow yzyna dolanýarmy? Dana Uaýta gulak assaň-a bu şeýle. Ol ýakynda geçiren metbugat maslahatlarynyň birinde bu...

«Derýaýollary» önümçilik birleşigi paýdarlar jemgyýetine öwrülýär

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň «Derýaýollary» önümçilik birleşiginiň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, paýdarlar jemgyýetine öwürmäge ygtyýar almak baradaky mesele boýunça hasabat berildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde...

Nesihatly hekaýa

Ýaşuly adamyň aýaly öz öýünde her gün mesge taýýarlaýardy. Goja her gün aýalynyň taýýarlan mesgelerini golaýyndaky dükana äkidip satýardy. Şeýdip, är-aýal güzeranyny aýlaýardy. Dükanyň...