28/11/2020 15:12
Home SPORT Futbol täzelikleri...

Futbol täzelikleri…

Dünýä belli derwezeban täzeden futbola gaýdyp geldi. Germaniýanyň soňky ýyllarda ýetişdiren iň güýçli derwezebanlaryndan biri bolan Noýer bolsa täze üstünligini gazandy.

Manuel Noýeriň nobatdaky üstünligi

Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyr duşuşyklarynda “Bawariýa” futbol topary öz meýdançasynda “Atletiko Madrid” futbol toparyny kabul etdi. Duşuşyk 4:0 hasaby bilen “Bawariýa” futbol topary ýeňiş gazandy. Toparynyň derwezeИany Manuel Noýer bu duşuşykda öz derwezesini gol geçirtmedi. Bular ýaly görkeziji Noýeriň futbol karýerasynda 200-nji duşuşygy boldy. Bu babatda Noýer, Zepp Maýeri (199) geçip, “Bawariýa” futbol toparynyň taryhynda öz derwezesini gol geçirtmän gelýän derwezebanlaryň arasynda ikinji orna geçmegi başardy. Birinji orny bolsa 247 duşuşykda gol geçirtmän gelen Oliwer Kan eýeleýär. Häzirki netijesine ýetmek üçin Noýere 394 duşuşyk gerek boldy.

Petr Çeh gaýdyp geldi

38 ýaşly çehiýaly derwezeban Petr Çeh, Angliýanyň Premýer ligasynda “Çelsi” futbol toparynyň düzüminde çykyş eder diýip habar berilýär. Mundan ozal, Petr Çeh özüniň futbol karýerasyny 2018/2019 futbol möwsüminde tamamlady. Çeh özüniň futbol karýerasynyň köp bölegini, ýagny 2004-nji ýyldan başlap, 2015-nji ýyla çenli “Çelsi” toparynda çykyş etdi. Petr Çehdan başga-da ýene-de üç sany derwezeban: Kepa Arrisabalaga, Willi Kabalero we täzelikde transfer edilen derwezeban Eduar Mendi topary üçin çykyş eder. Petr Çeh özüniň futbol karýerasynda “Çelsi” topary bilen 4 gezek Premýer-liga kubogyny, bir  gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny, umumylykda bolsa 15 gezek kubok gazanmagy başardy. Häzirki wagtda Premýer-ligada “Çelsi” topary 8-nji oruny eýeleýär.

Okap bilersiňiz  «Peugeot 208» Ýewropada ýylyň awtoulagy saýlandy
Okap bilersiňiz  Taryh we Edebiýat : Täze Sahypalar

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Okap bilersiňiz  Türkmenistan'dan Tokyo Olimpiyatları'na iddialı hazırlık

IŇ TÄZE HABARLAR

Maradonanyň ýadygärligi gurlar

Argentinanyň Buenos-Aýres  şäheriniň merkezi halkara howa menzilini dolandyrýan “Aeropuertos Argentina 2000” kompaniýasy, howa menziliň çäginde ýakynda aradan dünýä belli futbolçy Diego Maradonanyň ýadygärligini gurmak...

“Square” 3 günde üç rekord goýdy

Amerikanyň “Square” maliýe hyzmatlary kompaniýasyny 2009-njy ýylda “Twitter” jemgyýetçilik toruny esaslandyran Jek Dorsi we Jim MakKelwi tarapyndan döredildi. 2020-nji ýylda bu kompaniýanyň paýnamasy birden...

Döwürleýin neşirlere diňe pensionerler ýazylyp bilýärler

Kagyz görnüşindäki gazetleriň we žurnallaryň döwri kem-kemden geçmişe öwrülip barýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistandaky gazet-žurnallary abunaçylar elektron görnüşinde okap başlarlar.  Kagyz görnüşindäki gazet-žurnallara...

Türkmen Edebiýatynda “Mugallym” Düşünjesi

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris.
Okap bilersiňiz  Türkiýe :Attestat bilen ýokary okuw jaýyna ýerleşmek
Giriş ýerine: Türkmenlerde “ataly-ogul” düşünje talantlylygy, pähim-paýhas ussatlygy bilen baglanyşykly soňky döwre degişli halkara derejesinde nusga görkezilip...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistanda täze çäklendirmeler

Öň girizilen çäklendiriji çäreleriň oňyn tejribesine esaslanyp, dünýäde dowam edýän çylşyrymly epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly Türkmenistanyň çägine ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni...

Reňkler dünýäsi üçin täze açyş

Ýsraýylyň Tel-Awiw şäherindäki uniwersitetiniň alymlary tarapyndan işlenip düzülen täze tehnologiýa, adaty kameralaryň we adamyň gözüniň kesgitläp bilmeýän reňklerini anyklap biler. Tehnologiýa tebigatda bar, ýöne...

Dünýäniň ilkinji antibakterial telefony

Dünýäniň ilkinji antibakterial telefony Angliýada öndürildi. Telefonyň ýüzüne ýerleşdirilen ionlaryň bakteriýalaryň köpelmegine päsgel berýändigi mälim edildi. Dünýäde giňden ýaýran täze görnüşli koronawirus ýokanjy sebäpli tehnologiýa...

“Square” 3 günde üç rekord goýdy

Amerikanyň “Square” maliýe hyzmatlary kompaniýasyny 2009-njy ýylda “Twitter” jemgyýetçilik toruny esaslandyran Jek Dorsi we Jim MakKelwi tarapyndan döredildi. 2020-nji ýylda bu kompaniýanyň paýnamasy birden...