28/11/2020 18:07
Home SPORT “El Klasiko”: “Real Madrid” ýeňiş gazandy

“El Klasiko”: “Real Madrid” ýeňiş gazandy

Ispaniýanyň çempionatynda “Real Madrid” bilen “Barselona” toparlarynyň arasyndaky özara duşuşyk “El Klasiko” ady bilen bellidir. “El Klasiko” duşuşygynda “Barselona” topary öz meýdançasynda “Real Madrid” toparyna 3:1 hasabynda utuldy.

Ispaniýanyň çempionatynyň 7-nji tapgyrynda möwsüminiň ilkinji “El Klasiko” duşuşygynda “Real Madrid” topary ýeňiş gazandy. “Realyň” ýeňiş gazanmaga bolan islegiň duşuşygyň ilkinji minutlaryndan göründi. Oýnuň 5-nji minutynda Walwerde “Real Madridi” 1:0 hasabynda öňe geçirdi. “Barselonanyň” bu gola jogaby gijikmedi. Duşuşygyň 8-nji minutynda 17 ýaşly Ansu Fati “Barselonanyň” duşuşykdaky ýeke-täk goluny geçirdi. Şeýlelikde ol “El Klasiko” duşuşyklarynda tapawutlanan iň ýaş futbolçy derejesine eýe boldy. Mundan ozal bu derejä “Real Madridli” Winisius eýe bolupdy.

Duşuşygyň birinji ýarymy 1:1 hasabynda tamamlandy. Oýnuň kikinji ýarymynda Ramos 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, “Real Madrid” toparyny 2:1 hasabynda öňe geçirdi. Duşuşygyň 90-njy minutynda Luka Modriç tapawutlanyp, “Real Madridiň” 3:1 hasabynda ýeňmegine öz goşandyny goşdy.

DUŞUŞYK BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR:

  • “Real Madrid” möwsümiň ilkinji “El Klasikosynda” ýeňiş gazandy. Madridliler üçin soňky döwürde bu örän seýrek duş gelýän ýagdaýdyr. Mundan ozal 2014-nji ýyldaky çempionatyň birinji ýarymyndaky “El Klasiko” duşuşygynda ýene-de “Real” 3:1 hasabynda utupdy.
  • “Real Madrid” yzly-yzyna 2 duşuşykda, ýagny çempionatda “Kadisden”, Çempionlar ligasynda “Şahtýordan” ýeňlenden soňra başardy.
  • Federiko Walwerde “El Klasikoda” ilkinji gezek tapawutlandy.
  • Ansu Fati “El Klasikonyň” iň ýaş tapawutlanan oýunçysy boldy. Ol 17 ýaşynyň içinde tapawutlanmagy başardy. Şeýle hem Ansunyň goly “Barselona” toparynyň “E Klasikodaky” 400-njy goly boldy.
  • Serhio Ramos “Real Madrid” toparynyň düzümindäki 99-njy goluny geçirdi.
  • Messi ýene-de “El Klasikoda” tapawutlanyp bilmedi. Ol eýýäm 2018-nji ýyldan bäri tapawutlanyp bilmeýär.
  • “El Klasikodaky” utuşlar “Real Madridiň” peýdasyna boldy. “Realyň” ýeniş gazanan duşuşyklarynyň sany 98-e deň boldy. “Barselonanyňky” 96-da galdy. Topar 52 gezek deňme-deň oýnadylar.
Okap bilersiňiz  Öňdebaryjylar ýeňiş gazandy
Okap bilersiňiz  Finlandiýa hokkeý boýunça dünýa çempiony

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  Aşkabat’ta “Büzmeyin” İlçesi oluşturuldu

IŇ TÄZE HABARLAR

Maradonanyň ýadygärligi gurlar

Argentinanyň Buenos-Aýres  şäheriniň merkezi halkara howa menzilini dolandyrýan “Aeropuertos Argentina 2000” kompaniýasy, howa menziliň çäginde ýakynda aradan dünýä belli futbolçy Diego Maradonanyň ýadygärligini gurmak...

“Square” 3 günde üç rekord goýdy

Amerikanyň “Square” maliýe hyzmatlary kompaniýasyny 2009-njy ýylda “Twitter” jemgyýetçilik toruny esaslandyran Jek Dorsi we Jim MakKelwi tarapyndan döredildi. 2020-nji ýylda bu kompaniýanyň paýnamasy birden...

Döwürleýin neşirlere diňe pensionerler ýazylyp bilýärler

Kagyz görnüşindäki gazetleriň we žurnallaryň döwri kem-kemden geçmişe öwrülip barýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistandaky gazet-žurnallary abunaçylar elektron görnüşinde okap başlarlar.  Kagyz görnüşindäki gazet-žurnallara...

Türkmen Edebiýatynda “Mugallym” Düşünjesi

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris.
Okap bilersiňiz  37 milliard amerikan dollary : Gurluşyk Taslamalary
Giriş ýerine: Türkmenlerde “ataly-ogul” düşünje talantlylygy, pähim-paýhas ussatlygy bilen baglanyşykly soňky döwre degişli halkara derejesinde nusga görkezilip...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Horasanyň tutýan territoriýalary

“Horasan Ýurdunyň Geçmişinden” atly makalamyza dowam edýäris. Özünden ozalky taryhçylaryň, geograflaryň synlaryny ýatdan bilen alym Horasanyň 4 bölege bölünýändigini teswirleýär: Iranşahr-özüne Nyşapur, Kuhistan, Tabaseýn,...

Koronawirusa garşy täsirli 5 sanjym

Ýer ýüzünde giňden ýaýran täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy göreş babatda köp işler durmuşa geçirilýär. Esasan hem, dünýäniň öňdebaryjy farmasewtika kompaniýalary, lukmançylyk ylmy merkezleri...

Tarafsızlık sayfamız faaliyete başlıyor

Türkmenistan Birlemiş Milletler özel kararıyla kazanılan Daimi Tarafsızlık statüsünün 25.yıldönümünü kutlamaktadır. "Türkmenistan-Tarafsızlık Ülkesi" yılında Türkmenistan’da bu önemli bayram dolayısıyla ülke ve dünya çapında birçok...

Amyderýa Hazynasynyň Syry

Gözlegler  we  açyşlar Gadymy  Gündogaryň  taryhynda  aýratyn  orna  mynasyp  bolan  zergärçilik  sungatynyň  nepisligi, sünnäligi  bilen  tapawutlanan  nusgalary  adamzat  geçmişiniň  bütin  dowamynda  özüniň  kämillik  ýoluny  geçipdir....