25/01/2021 23:06
Home SPORT Dünýäniň iň köp gol geçiren futbolçysy kim?

Dünýäniň iň köp gol geçiren futbolçysy kim?

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy  tarapyndan “Ýuwentus” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo XXI asyrda dünýäde iň köp gol geçiren futbolçy diýlip yglan edildi. 2001-2020-nji ýyllar aralygynda geçiren gollary göz öňüne tutanymyzda, onda ol jemi 462 gezek gol geçirmegi başarypdyr. Bu görkeziji babatda Lionel Messi özüniň 451 goly bilen ikinji orunda ýerleşdi. Üçünji oruny bolsa XX asyrda 13 gol we XXI asyrda 379 gol geçiren Zlatan Ibrahimowiç eýeledi.

Golaýda Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparyna transfer bolan Luis Suarez özüniň 332 sany goly bilen dördünji orna ýerleşdi. Ýylyň iň gowy oýunçysy bolan Robert Lewandowski 285 goly bilen ýedinji orunda galdy. Sanawa karýerasynyň dowamynda 200 goldan köp geçiren futbolçylar girmegi başardylar.

XXI asyrda dünýäde iň köp gol geçiren 10 sany futbolçylaryň sanawy:

  1. 1. Ronaldo (“Ýuwentus”) – 462 gol
  2. 2. Lionel Messi (“Barselona”) – 451 gol
  3. 3. Zlatan Ibrahimowiç (“Milan”) – 379 gol
  4. 4. Luis Suarez (“Atletiko Madrid”) – 332 gol
  5. 5. Aleksandar Juriç (“Tampines Rowers”) – 304 gol
  6. 6. Ali Aşfak (“Sports”) – 287 gol
  7. 7. Robert Lewandowski (“Bawariýa”) – 285 gol
  8. 8. Samuel Eto’O – 282 gol
  9. 9. Dawid Willa (“Wissel Kobe”) – 280 gol
  10. 10. Martin Kamburow (“PFK SSKA” 1948) – 278 gol
Okap bilersiňiz  Her ulagdan 86 müň ýewro peýda gördi
Okap bilersiňiz  Ronaldo portugal futbolçylardan saýlandy

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Okap bilersiňiz  “Amazfit X” sagadyny sargap bolýar

IŇ TÄZE HABARLAR

Lempardyň tälimçiligi tamamlandy

Angliýanyň “Çelsi” toparynyň baş tälimçisi Frenk Lempard wezipesinden boşadyldy. Bu barada toparyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär. Bu toparyň düzüminde oýnap, ençeme kuboklary gazanan 42...

Bilim-ösüşiň çeşmesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle-de bu pudagyň binýatlyk esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdyň...

Döwlet muzeýinde sergi geçiriler

Türkmenistanda bellenilýän şanly senelere Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem öz goşandyny goşýar. Muzeý 27-nji ýanwarda belleniljek Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan goragy mukaddesdir»...

Türkmenistanly talyplara Hindistandan teklip

Türkmenistanly talyplara Hindistanda hereket edýän bilim maksatnamalarynyň ikisi boýunça okamak teklip edilýär. Olar Hindi tehniki  we ykdysady hyzmatdaşlygy (ITEC) we Hindi medeni geňeşiniň (ICCR) maksatnamalarydyr. Bular...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Elektrik energetika ulgamynda goşmaça ylalaşyklar

“Türkmenistan– parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda möhüm desga—Kerki--Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy ulanylmaga...

Täze filmlere garaşylýar

Amerikanyň “Warner Bros” kinokompaniýasy 2021-nji ýylda görkezilmegi meýilleşdirilýän 17 sany filminiň böleklerini özüniň “YouTube” ýaýlymynda ýerleşdiripdir. Olar: “Dýuna”, “Janyna kast ediş topary”, “Matrisa 4”,...

Türkmenistanda “E-commerce” hyzmaty

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky ýüridiki taraplara we hususy telekecilere E-commerce (Internet Ekwaýring) hyzmatyny hödürleýär. Bu barada bankyň saýtynda aýdylýar.
Okap bilersiňiz  Asma ýoluň gyşky ajaýyplyklary
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady...

Noýeriň rekordy

Germaniýanyň “Bawariýa” futbol toparynyň dünýä belli derwezebany Manuel Noýer, golsyz geçiren oýunlarynyň sany bilen meşhur derwezeçi Oliwer Kany geçip, “Bundesliga” çempionatynyň rekordyny täzelemegi başardy. ...