17/01/2021 4:45
Home SPORT Dünýä çempionatynyň unudylmaýan wakasy:  “Taňrynyň eli”

Dünýä çempionatynyň unudylmaýan wakasy:  “Taňrynyň eli”

Futbol boýunça dünýä çempionatlary unudylmaýan köp sanly wakalara baý bolýar. Şolaryň biri hem 1986-njy ýylda Meksikada geçirilen dünýä çempionatydyr. Bu çempionat dünýä futbolynyň taryhynyň sahypalarynda müdimilik orun aldy. Bu waka düýn aradan çykan, futbolyň rowaýata öwrülen şahsyýeti, Argentinanyň milli ýygyndysynyň “10” belgili futbolçysy Diego Armando Maradona bilen baglanyşyklydyr.

1986-njy ýyldaky dünýä çempionaty ýertitremesi zerarly 30 müň adamyň pida bolan ýurdy bolan Meksika berildi. Şol ýyldaky dünýä çempionatyny gurnamaga hukuk gazanan Kolombiýadaky ykdysady kynçylyklar sebäpli dünýäniň iň abraýly ýaryşyny geçirmek hukugy Meksika berildi. Meksika 1970-nji ýyldan soňra ikinji gezek dünýä çempionatyna gujak açdy.

Bu çempionatda Günbatar Germaniýany 3:2 hasabynda ýeňmegi başaran Argentina çempion bolupdy. Bu çempionlyk Argentinanyň milli ýygyndysynyň 2-nji çempionlygy bolupdy.

MARADONANYŇ ÇEMPIONATY

Bu çempionat Diego Armando Maradonyň çempionaty boldy. Onuň şowly çykyşy Argentinanyň milli ýygyndysyna çempionlyk getiripdi. Maradona bu çempionatda 7 duşuşykda çykyş edip, 5 gezek tapawutlandy we ýygyndysynyň iň köp gol geçiren futbolçysy boldy.

“TAŇRYNYŇ ELI”

Meksikadaky dünýä çempionatynyň ýatda galan wakasy Maradonanyň Angliýanyň milli ýygyndysyna eli bilen geçirilen goly boldy.  Çempionatyň ýarym finalynda Argentina bilen Angliýanyň ýygyndylary duşuşdy. Duşuşyk 2:1 hasabynda Argentinanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Argentinanyň 2 goluny hem Maradona öz adyna ýazdyrdy.

Okap bilersiňiz  Lowren “Zenitde”

Bu duşuşygy Azteka stadionynda 114 müň 580 janköýer tomaşa etdi. Maradona duşuşykda Angliýanyň derwezebany Şiltonyň goraýan derwezesinden goly eli bilen geçirdi. Duşuşygyň emini tunisli Ali Bennakuer goly hasap edip, meýdançanyň orta burçuny görkezdi. Iňlis futbolçylary garşy çykandygyna garamazdan, emin kararyny üýtgetmedi.

Okap bilersiňiz  Türkiye’de Eğitim İçin “Atavatan Danışmanlık”

Maradona çempionatdan soňra söhbetdeşlikleriň birinde bu goly “Taňrynyň eli” diýip atlandyrdy.

Şeýle hem şol duşuşykda Maradonanyň meýdançanyň orta arasyndan pökgüni alyp, öňüne çykan ähli iňlis futbolçylaryny aldap geçip, geçiren goly hem bu çempionatyň hem-de dünýä futbolynyň iň gowy gollarynyň biri boldy.

Şol çempionatda janköýerleriň stadiondaky “Meksika tolkuny” hereketi, häzir hem futbol duşuşyklarynda ýygy-ýygydan duş gelinýär.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Okap bilersiňiz  Tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen...

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.
Okap bilersiňiz  Futbol çempionatynyň täze möwsümi başlaýar
Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň daşary...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Daş kömelekleri”

Kappadokiýa – Kiçi Aziýanyň gündogarynda häzirki Türkiýäniň çäginde ýerleşýän sebit bolup, diýseň täsin görnüşi bilen meşhurdyr. Bu sebitiň esasy aýratynlygy hem “daş kömelekleri” diýlip...

80 ýylda ilkinji gezek

Şu gyşyň aýazam, gardyr ýagyşam özüne ýetik boldy. Dünýä metbugatynda döwletleriň aglabasynda gyşyň ygally we sowuk gelendigi barada ýazylýar. Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde bolsa...

BSGG: 92 ýurtda sanjyma başlanar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) orta we pes girdejili 92 ýurtda fewral aýynda sanjym edilip başlanmagynyň mümkindigini belledi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär. BSGG-niň...

Milli ýygyndylar boýunça iň gowy tälimçi boldy

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) soňky on ýylda iň gowy milli ýygyndy tälimçileriň sanawyny düzdi. Sanawda birinji ýeri Germaniýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi...