27/10/2020 14:57
Home SPORT Bu oýunçy rekordlary täzeleýär

Bu oýunçy rekordlary täzeleýär

2022-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň, Günorta Amerikada saýlama oýunlarynyň ikinji tapgyry geçirildi. Bu tapgyrda Peru futbol milli ýygyndysy bilen Braziliýa futbol milli ýygyndysy duşuşdylar. Öran gyzykly we gollara baý bolan duşuşyk Lima şäheriniň “Nasýonal” stadionynda geçirildi. Duşuşykda ýiti pursatlary köp boldy we 4:2 hasaby bilen Braziliýa futbol milli ýygyndysy ýeňiş gazanmagy başardy. Ýeňijileriň düzüminde Rişarlison we dünýä belli hüjümçi Neýmar het-trik etmegi başardy, olaryň ikisini 11 metrlik jerime ugrysyndan tapawutlandylar. Ýer-eýeleriniň düzüminde Andre Karrilýo we Renato Tapia oýunçylar duşuşykda jogap pökgilerini geçirdiler. Oýunyň ahyrynda Peru futbol milli ýygyndysynyň iki oýunçysy gyzyl petek alyp meýdançany terk etmeli boldular.

Şeýlelik bilen Braziliýa futbol milli ýygynydsynyň we “PSŽ” toparynyň zehinli, dünýä belli hüjümçi Neýmar, Günorta Amerika futbol milli ýygyndy toparlarynyň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçylaryň sanawynda üçünji orny eýeledi. Sanawda resmi we dostlukly geçirilen oýunlarda geçirilen gollary hasaplanyldy. Bu sanawyň birinji ornunda Pele (77 gol) we ikinji ornunda Lionel Messi (71 gol) bilen ýerleşýärler. Mundan daşary hüjümçi, Braziliýa futbol milli ýygyndysynyň taryhynda iň köp gol geçirenleriň sanawynda braziliýaly hüjümçi Ronaldony yzda goýup, ikinji oruna geçmegi başardy.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Çempionlar ligasynyň 2-nji duşuşyklary: Messi bilen Ronaldo duşuşarmy?

Futbol janköýerleri üçin futbol duşuşyklar dowam edýär. Bu hepde UEFA Çempionlar ligasynyň toparçalardaky ikinji duşuşyklary başlanýar. Bu hepdäniň gyzykly duşuşyklary “Barselona” bilen “Ýuwentusyň” arasynda...

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Gyz bilen oglanyň arasyndaky duşuşyk hakda

Hytaý döwletiniň Çžesýan obasynda ýaşaýan 29 ýaşly Lýu atly oglanyň duşuşygy şowsuz tamamlandy. Ejesi oglunyň henizem özüne gyz dost tapyp bilmeýändigi üçin ogly bilen...

Pişijek bilen gyzjagazyň gürrüňi

Bu günlükçe öýüň işlerini boldum edip, çagalarymy ýuwundyryp düşege geçirdim. Uluja gyzym ýerine geçip-geçmänkä «Eje, erteki aýdyp beräýiň-dä?» diýip, gündeki haýyşyna başlady. Ukym gelip...

Söýgi hakda oýlanma

Geliň ýer ýüzünde ynsan döräli bäri onuň ýüregini lerzana salyp, gününe goýmaýan söýgi duýgusy barada açyk söhbet edeliň. Söýgi-bu diňe özüň baradaky pikirleriň bolman, eýsem...

Ýeňişleriň has ulusynyň öňdedigine ynanýaryn

Paýtagtymyzyň gözel seýilgähleriniň birinden  güýz paslynyň saralan ýapraklarynyň sadaja öwüsýän şemala özboluşly bir ses edip, kalbyňy heýjana getirýän sazlaşykly simfoniýasyna maýyl bolup, dünýäni undup...