28/01/2021 10:42
Home SPORT Angliýanyň Liga Kubogynyň finaly: “Mançester Siti” – “Tottenhem”

Angliýanyň Liga Kubogynyň finaly: “Mançester Siti” – “Tottenhem”

Iki günüň dowamynda Angliýanyň Liga Kubogyny gazanmak ugrunda ýarym final duşuşyklary geçirildi. Ilkinji duşuşykda Joze Mourinýonyň tälimçiligindäki “Tottenhem” topary 2-nji ligada çykyş edýän “Brentford” toparyny 2:0 hasabynda ýeňip, ilkinji finalçy bolupdy.

Düýn hem ýene-de bir gyzykly ýarym final duşuşygy geçirildi. Onda Pep Gwardiolanyň ýolbaşçylygyndaky “Mançester Siti” topary Angliýanyň güýçli toparlaryndan “Mançester Ýunaýted” toparyny kabul etdi. Bu duşuşyk hem 2:0 hasabynda Gwardiolanyň toparynyň peýdasyna tamamlandy. Bu duşuşykda 50-nji minutda Jon Stonz hem-de 83-nji minutda Fernandinýo tapawutlandy.

Şeýlelikde, 25-nji aprelde final duşuşykda “Mançester Siti” bilen “Tottenhem” toparlary duşuşar. Bu final duşuşygy Gwardiola bilen Mourinýonyň hem duşuşygy hökmünde taryhda öz ornuny alar.

LIGA KUBOGY BARADA…

Angliýanyň Liga kubogy 1960-njy ýylda döredildi. Liganyň kubogy ýa-da Karabao kubogy hökmünde hem tanalýar. Häzire çenli bu kubogyň ýaryşyna Angliýanyň 4 ligasyndan 92 topar gatnaşdy. Bu kubogy iň soňky gazanan topar “Mançester Siti” toparydyr.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

Okap bilersiňiz  Sportda transfer täzelikleri...

IŇ TÄZE HABARLAR

Pomidor agajy

Gündelik durmuşymyzda esasy azyk önümi hökmünde giňden ulanylýan  pomidoryň diňe bir otjumak görnüşi däl-de, eýsem edil beýleki miweli baglar ýaly agaç görnüşi hem ösýär....

Eşitme ukyby bolmadyk (lal) adamlar bilen nädip aragatnaşyk saklamaly?

Eger-de ýoldan geçenimizde öňümizden kömege mätäç adam çykanynda, kömek etmäge çalyşýarys. Eger-de ol adamda gürlemek ukyby bolmasa näme etmeli? Kömek etmän gitsek bolarmy? Umuman...

Türkmenistanyň adalat ministrine hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serhet institutynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedowa hormat at dakyldy. Bu barada "Watan"...

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda ýurdumyzyň Döwlet serhet...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türk Geňeşi türkmen-azerbaýjan ylalaşygyna ýokary baha berdi

Türk Geňeşi Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen...

Porýe Makgregory jogap tutluşygynda ýeňdi

Abu-Dabi şäheriniň ýörite Söweş adasynda “UFC 257” atly ençeme söweş tutluşyklary geçirildi. Merkezi tutluşykda Konor Makgregor bilen Dastin Porýe garşylaşdy.
Okap bilersiňiz  5 ýylda 500 göterim gymmatlady
Ýylyň esasy tutluşyklaryndan biri hökmünde...

Guwanç Meläýew: Kesbimden kemal tapanym

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýän ynsanlar özboluşly aýratynlygy bilen il içinde tapawutlanyp durýar. Özüniň zehinini zähmetine siňdirýän sungat işgärleriniň döreden eserleri bolsa tomaşaça...

100 million dollar pul baýrakly bäsleşik

Dünýäniň baý adamlaryň hatarynda ikinji orny eýeleýän “Tesla we Space X” kompaniýalaryň ýolbaşçysy Ilon Musk, kömürturşy gazyny özüne siňdirýän ulgamyny döretmek atly bäsleşik yglan...