17/01/2021 4:05
Home SPORT 21-nji asyryň iň beýik aktýory yglan edildi

21-nji asyryň iň beýik aktýory yglan edildi

“The New York Times” gazeti XXI asyryň iň beýik 25 sany aktýoryň sanawyny yglan etdi. Sanawa diňe bir amerikaly aktýorlar däl, eýsem Ýewropadan, Hytaýdan we Koreýadan aktýorlar hem girýär. Bu aktýorlary gazetiň meşhur kino tankytçylary Manola Dargis we A. O. Skott saýladylar. Sanawda birinji oruny amerikaly Denzel Waşington eýeledi.

“Ekranyň ýyldyzy we şol bir wagtyň özünde köne kino mekdebiniň şägirdi. Denzel kino sungatynda duýgur ussat aktýor hökmünde tanalýar. Şekspir we Awgust Wilson gahrymanlaryň rollaryny ýerine ýetirip biler. Şeýle hem kinoda ýönekeý ýigitleri ajaýyp oýnap bilýär” diýip, kino tankytçy Skott belläp geçýär. Ikinji orny fransiýaly aktrisa Isabel Ýupper, üçünji orny bolsa 3 sany “Oskar” baýragynyň eýesi irlandiýaly aktýor Deniel Deý-Lýuis eýelediler.

“The New York Times” gazetiniň XXI asyryň iň beýik 25 sany aktýoryň sanawy:

  1. 1. Denzel Waşington
  2. 2. Isabel Ýupper
  3. 3. Deniel Deý-Lýuis
  4. 4. Kianu Riwz
  5. 5. Nikol Kidman
  6. 6. Son Kan-ho
  7. 7. Toni Serwillo
  8. 8. Çjao Tao
  9. 9. Wiola Dewis
  10. 10. Sirşa Ronan
  11. 11. Julianna Mur
  12. 12. Hoakin Feniks
  13. 13. Tilda Suinton
  14. 14. Oskar Aýzek
  15. 15. Maýkl B. Jordan
  16. 16. Kim Min-hi
  17. 17. Elfri Wudard
  18. 18. Willem Defo
  19. 19. Ues Stýudi
  20. 20. Rob Morgan
  21. 21. Katrin Denýow
  22. 22. Melissa Makkarti
  23. 23. Maherşala Ali
  24. 24. Sonýa Braga
  25. 25. Gael Garsia Bernal
Okap bilersiňiz  Sport täzelikleri gysga setirlerinde... “Liwerpulyň” şowsuzlygy
Okap bilersiňiz  Hytaýda oýunlar tomaşaçyly geçiriler

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  Futbol täzelikleri...

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmen türgeniniň mynasyp “altyn” medaly

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyla paýtagtymyz Aşgabatda agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty geçirilipdi. Bu çempionat köp sanly rekordlar hem-de gazanylan uly sport üstünlikleri bilen...

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol...

Dünýäniň iň köp ilatly ýurdunda köpçülikleýin sanjyma girişildi

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistanda koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjyma girişildi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.
Okap bilersiňiz  Aşgabatda däne ýa-da suwulygy saklamak üçin niýetlenen parfiýa humlary tapyldy
Bu köpçülikleýin sanjym etmek işine...

Metbugat ýygnagy: Türkmenistan Owganystany hemmetaraplaýyn goldaýar

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat ýygnagy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalary, Türkmenistanyň daşary...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Sürüjisiz ulaglaryň ýene-de biri tanyşdyryldy

Dünýä belli “General Motors” (GM) kompaniýasy “Cadillac” markasynyň uçýan görnüşini köpçülige görkezdi. Bu ulagyň täze görnüşi awtonom ýagdaýda sürüjisiz hyzmat berer. Elektrik togy bilen işleýän...

Meşhur futbolçy karýerasyny tamamlap, tälimçi boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de “Mançester Ýunaýted” toparynyň meşhur ozalky hüjümçisi, milli ýygyndylarynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren futbolçylardan Ueýn Runi futbol karýerasyny tamamlady. Ol...

Ekrany hereket edýän smartfon

Günorta Koreýanyň “LG” kompaniýasy “CES 2021” tehnologiýa sergisinde “LG Rollable” açylyp ýygnalýan ekranly smartfonyny hödürledi. Smartfon oňyn täsir galdyrdy. “LG” kompaniýasynyň resmi wekili “LG Rollable”...

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri möhüm desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün, 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda Akina – Andhoý beketleriniň aralygyndaky demir ýolunyň, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina...