TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Sport täzelikleri gysga setirlerde… Grizmanny satmak isleýärler

Şu günüň sport täzelikleri gysga setirlerde dykgatyňyza ýetirýäris.

  1. Russiýanyň futbol milli çempionatynda tälimçiler möwsümiň iň gowy oýunçysy hökmünde Artýom Dzýubany saýladylar. Ol Gžegož Kryhowýakdan 1 bal öňe geçdi.
  2. “UFC” kompaniýasy Habib Nurmagomedow bilen Toni Fergýusonyň arasynda 18-nji aprelde göz öňünde tutulan tutluşygyň ýatyrylmajakdygyny mälim etdi. Häzirki wagtda bu tutluşygy geçirmek üçin 4-5 ýurt göz öňünde tutulýandygy aýdyldy. Ilkibada bu tutluşyk Nýu-Ýorkda geçirilmelidi. Habib Nurmagomedow we topary ABŞ-dan Russiýa dolanyp geldi.

3. Ispaniýanyň “Barselona” toparyna tomus möwsüminde uly maksatnamalar garaşylýar. Topar düzümindäki hüjümçi Antuan Grizmanny 100 million ýewro satmagy göz öňünde tutup, onuň ýerine goragyny güýçlendirmek isleýär. Munuň üçin Emerik Laport we Pau Torres göz öňünde tutulýar. Bu topar geçen ýyl “Atletiko Madrid” toparyndan Antuan Grizmanny 120 million ýewro satyn alypdy.

Şeýle hem “Barselona” toparynyň düzümindäki Messi we beýleki futbolçylar dünýädäki ýiti respirator keseli sebäpli toparyny goldamak maksady bilen aýlyk haklarynyň azaldylmagy bilen ylalaşjak bolýarlar.

  1. Şu ýyl Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ykbaly entek hem belli däl. Oýunlary 1 aý ýa-da 45 gün yza süýşürmek babatdaky teklipler gözden geçirilýär. Halkara Olimpiýa Komiteti öňümizdäki 4 hepdeniň dowamynda bu barada anyk netijä gelmek isleýär.

6.Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi we Italiýanyň «Ýuwentus» toparynyň futbolçysy Kristiano Ronaldo ýiti respirator keseli sebäpli ýurduň hassahanalaryna kömek bermegi göz öňünde tutýar.

  1. Häzirki wagtda Belarusyň futbol milli çempionaty futbol janköýerlerini begendirip gelýär. Çempionatda 2 duşuşyk geçirildi. “Slusk” we “Slawiýa” toparlarynyň duşuşygy has gyzykly boldy. bu duşuşykda emin 5 gezek 11 metrlik jerime urgusyny berdi. Duşuşyk “Slusk” toparynyň 3-1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýene-de okaň

Tennis dünýäsiniň ägirdi karýerasyny tamamlady

Türkmenistan Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar

Täze futbol ýaryşyny döretmek meýilleşdirilýär

Teswirle