Sport täzelikleri: Aziýa ýaşlar boýunça futbol çempionaty Özbegistanda geçiriler

Ispaniýa çempionatynyň 24-nji tapgyrynda “Barselona” topary öz meýdançasynda “Kadis” toparyny kabul etdi. Bu duşuşyk “Barselona” toparynda çykyş edýän ýarymgoragçy Serhiýo Buskets üçin aýratyn duşuşyklaryň biri boldy. 32 ýaşly ýarymgoragçy Buskets “La Liga” çempionatynda özüniň 400-nji duşuşygyny geçirdi. Bu görkeziji babatda sanawda dördünji orunda ýerleşdi. Sanawyň birinji ornunda 506 duşuşyk geçiren Lionel Messi ýerleşdi. Ikinji orny ýarymgoragçy we häzirki wagtda tälimçi Hawi (505) duşuşyk bilen eýeledi. Üçünji orunda 442 duşuşygy geçiren Andres Iniesta bolup durýar. Umuman aýdanymyzda bu görkeziji diňe “Barselona” toparyna degişli diýsegem ýalňyşmarys. Sebäbi sanawda ýerleşen ähli oýunçylar öň çykyş eden ýa-da häzirki wagtda çykyş edýän oýunçylar bolup durýar. Serhiýo Buskets bolsa 2007-nji ýyldan bäri “Barselona” toparynda çykyş edip gelýändigini ýatladýarys.

*********

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde 2019-njy ýyldan bäri geçirilip gelýän köp günli welosiped marafony geçirilýär. Welosiped marafon ýaryşy 7 tapgyrdan ybarat bolar. Dünýä belli welosipedçiler 20 sany toparda bäsleşýärler. Birinji tapgyrda welosipedçiler 176 kilometr aralygy üstünlikli geçmegi başardylar. Birinji tapgyryň netijesi boýunça niderlandly Metýu wan der Poel birinji gelmegi başarypdyr. Ikinji orny “Jumbo Visma” toparynda çykyş edýän Dewid Deker eýeledi. Üçünji orunda latwiýaly Emils Liýepinş ýerleşdi. Welosiped marafony 27-nji fewralda tamamlanar.

Okap bilersiňiz  Minyatür ustası Hasan Kale İpek Yolu sergisi

*********

2022-nji ýylda Aziýa ýaşlar boýunça futbol çempionaty (U-23) Özbegistanda geçiriler. Bu barada mail.ru saýty Podrobno.uz habarlar agentligine salgylanyp habar berýär. Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň ýolbaşçylary Özbegistan Futbol assosiasiýasynyň bu ýaryşy geçirmek baradaky arzasyny tassyklapdyr. Emma çempionat oýunlarynyň haçan geçiriljekdigi we ýurduň haýsy şäherleriniň olary kabul etjekdigi barada anyk maglumat berilmeýär. Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň habaryna görä, 2013-nji ýyldan bäri bu çempionatda Özbegistan, Günorta Koreýa, Ýaponiýa we Yrak futbol milli ýygyndy toparlary ýeňiji bolupdyrlar.

 

 

Suhan Orazberdiýew: — “Bagşy bolma, ýagşy bol!”