Hormatly okyjylar Size Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugalymlary Laçyn Kolbaýewa we Kerimguly Geldiýewiň bilelikde ýazan makalasyny hödürleýäris.
Sagdyn jemgyýet — bu ruhubelent we maksada okgunly adamlaryň jemgyýeti bolup, olar umumymilli maksatlaryň daşynda jebisleşýär. Şeýle sagdyn ruha eýe bolan jemgyýet özboluşlylygyny saklap, däp-dessurlaryna, gymmatlyklaryna ygrarlylygyny saklaýar hem-de oňyn özgertmelere açyk bolan öňdebaryjy täzelikleri höwes bilen kabul edýär. Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň giňişligine işjeň goşulyşmak bilen, dünýäniň iň täze gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak arkaly raýatlaryň abadan, rahat, bolelin durmuşyny üpjün etmek bilen, öz milli däp-dessurlaryny, ata-babalardan miras galan gymmatly maddy we ruhy gymmatlyklaryny öwrenmek, goramak we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bilinmegini gazanmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.
2017-nji ýyl Sagdynlyk we ruhubelentlik ýyly biziň milli sport abraýymyzyň arşa galmagynda täze sepgitleriň biri hökmünde taryhyň sahypalaryna ýazyldy, bu ýyl sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ilatyň şahsy durmuşyna ornaşmagynyň kepili boldy. Aşgabat-2017 oýunlarynda milli toparymyzyň türgenleriniň iň ýokary görkezijilere eýe bolmaklary ýurtda berkarar edilen sagdyn maddy tehniki binýadyň ýakyn wagtdaky miweleri bolup durýar.
Sport – bedenterbiýäniň organiki bölegi, sportda netijeler gazanmak maksady bilen adamyň ýaryşlara we ýaryşyjylyk işine taýýarlygynyň ýörite tejribe görnüşinde emele gelen sportuň görnüşlerinde adamlaryň gazananlaryny ýüze çykarmagyň we deň şertlerde deňeşdirmegiň aýratyn çygry diýlip kesgitleme berilýär.
Beden terbiýe bolsa, medeniýetiň düzüm bölegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini durmuşa geçirmek, onuň hereket işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen jemgyýet tarapyndan döredilýän we ulanylýan, şeýle hem adamyň saglygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen we şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine ýardam edýän ruhy we maddy gymmatlyklaryň jemini özünde saklaýan işiň çygrydyr.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ölçegleriniň derejesine çykaran döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, saglyk düşünjesi — bu diňe keselleriň öňüni almagy däl-de, eýsem, durmuş howpsuzlygyny, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmagy, sportuň, sagdyn iýmitlenmegiň ösdürilmegini, maşgalada çagany terbiýelemek we bilim bermek meselelerini, eneligi hem-de çagalygy goldamak, demografiýa, ekologiýa, ýaşaýyş-durmuş şertlerini, hukuk goraglylygyny we beýlekileri öz içine alýar. Diýmek saglyk diňe bir ugry däl, eýsem durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alýar.
Sagdyn durmuş ýörelgesi – adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine, ýaşaýşyň zähmet, jemgyýetçilik, maşgala-durmuş, dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin öňüni alyş çäreleriniň kabul edilmegine, şeýle hem keselleriň sebäplerini we netijelerini düzetmek üçin öňüni alyş çärelerini amal etmäge gönükdirilen adamyň durmuşynyň keşbini aňladýar. Adam ömrüniň uzaklygy, olaryň ösüş derejesi halkymyzyň dessurlary, tebigy-howa şertleri we jemgyýetimiziň aň-bilim derejesi bilen baglydyr. “Il saglygy-ýurt baýlygy” nakylyndan ugur alýan döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşini möhüm ugur hökmünde kesgitläp, daşky gurşawy goramak, ykdysady, ylym-bilim we medeni ösüşi gazanmak wezipelerini öňe sürýar.
“Türkmenistanda 2011-2020-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň Milli maksatnamasy”, “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň Umumydöwlet maksatnamasy” ýurdumyzyň sport kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna, ýokary derejeli tälimçileri we türgenleri taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegine, köpçülikleýin sportdan ýokary netijeli sporta geçirilmegine gönükdirilendir. 2015-nji ýyldan bäri herket edýän “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyl bolmagy mynasybetli täze “Saglyk” döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Täze maksatnamanyň çäginde ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeler syýasatynyň gerimi has-da giňeldiler. Saglygy goraýyş ulgamynda dünýä derejesinde birnäçe üstünlikler gazanyldy. Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-tehniki binýadynyň kuwwatlandyrylmagy bilen birlikde elektron ulgamyň ilkinji ornaşdyrylan pudagy bolmak bilen tapawutlanýar. Elektron resminama dolanşygy häzirki zaman jemgyýetiniň talaplaryndan biri bolup durýar. Bu maksatnamalara laýyklykda, çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli ähli bilim edaralarynda öz sport desgalary döredilýär, şeýle hem Türkmenistanyň ähli künjeklerinde köp sanly dynç alyş öýleri, şypahanalar hem-de beýleki sagaldyş-dynç alyş merkezleri gurulýar.
Ýurdumyzda raýatlaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň, ýaş oglan-gyzlaryň mümkin boldugyça örän köp sanlysynyň sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin şertleriň döredilmegi sporty ösdürmek strategiýasyny işläp taýýarlamagyň hem-de Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesiniň jemgyýetde berkarar edilmeginiň baş maksadyna öwrüldi. Çünki ýaş nesilleri beden taýdan ösdürmegiň usullaryny “uzak wagtyň dowamynda täsir edýän terbiýe” diýip, ýöne ýerden atlandyrmaýarlar, sebäbi bu terbiýe diňe bir türgeni, diňe bir şahsyýeti däl, eýsem-de, jemgyýeti kemala getirýär.
Ýurdumyzda ýokary dünýä ülňülerine laýyk gelýän bedenterbiýe we sport düzümleri döredildi. Ýakyn döwürde bu ulgama gönükdirilen maýa goýum serişdeleriniň bäş milliard amerikan dollaryndan hem ýokary bolmagy bu ugurda ýetilen sepgtiler barada pikir berýär. Halkara sport bileleşiginiň ünsüni özüne barha köp çekýän paýtagtymyz Aşgabat munuň aýdyň mysalydyr. Ak mermerli paýtagtymyz soňky ýyllarda düýbünden täze binagärlik keşbine eýe boldy, täsin sport desgalary, ozaly bilen bolsa dünýä derejeli olimpiýa desgalary baş şäherimiziň bezegidir. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň geçirilen ýeri bolan Olimpiýa şäherjigi sözüň doly manysynda Türkmenistanyň sportuň belent sepgitlerine ýetmek ugrundaky tagallalarynyň alamaty bolup durýar. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman sport toplumlary, stadionlar, aýlawlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we şuňa meňzeşler guruldy. Milli at üstündäki oýunlar barha uly meşhurlyga eýe bolýar, ähli welaýatlarda iri döwrebap atçylyk sport toplumlary bina edildi.
Türkmenistanda diňe bir saglygy dikeltmek däl, eýsem saglyga zyýan berýän serişdeleriň aradan aýrylmagy ugrunda hem uly tagallalar edilýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygyny goramaga bolan hukugy “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny bilen hem goralandyr, beýleki çäreler hem görülýär. Şolaryň netijesinde, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen bilelikde geçirilen barlaglaryň netijeleriniň tassyklaýşy ýaly, Türkmenistan temmäki ulanylyşynyň iň pes görkezijisi bolan ýurt bolmagy bilen tapawutlanýar. “Tüsse bolmasa, adamlar müň ýyl ömür sürerdi” diýip, Lukman Hekim belläp geçýär. Şeýle hem ýigriminji asyryň başlaryndan ahyryna çenli döwürde geçirilen ylmy barlaglar temmäki önümleriniň sarp edilişi bilen öýken çiş keselleriniň bilelikde artandygyny görkezýär. Mundan başga-da çilim diňe bir çekýän adamy däl, eýsem töweregindäkilere-de uly zyýan ýetirýär. Ikinji derejeli çilim çekýän diýip çilim çekýäniň ýanynda durana aýdylsa, şol ýerden soň dem alan adamlar üçünji dereje çilimden zyýan görýän adam hasaplanýar.
Ýurdumyzyň sebitlerinde bar bolan şypahanalaryň dünýä derejesinde maddy-tehniki binýada eýe bolmagy ýurdumyzyň raýatlarynyň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň bu şypahanalarda öz saglyklaryny berkitmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde ýerleşýän Mollagara, Arçman, Ýyly suw, Berzeňňi, Baýramaly, Farap, Daşoguz şypahanalary tebigatyň bagyş eden şypaly suwlary bilen birlikde dünýäde giňden ulanylýan saglyk enjamlary bilen üpjün edilmegi bu ýerlerde adamlara berilýän saglyk hyzmatlarynyň ýokary derejelerde bolmagyny gazandyrýar. Gurluşygy başlanan we ýakyn wagtlarda tamamlanjak Awaza şypahanasy bolsa Hazar deňziniň jana şypaly howasynyň adamlaryň saglygyny dikeltmäge oňaýly şert döretjek möhüm desgalaryň biri bolar.
Türkmenistan dünýä we sebit derejesinde iri ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi, bu bolsa köp babatda Bitarap, oňyn, hakyky hoşniýetli goňşuçylyk daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegi bilen şertlendirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan dünýä üçin, ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy üçin açykdyr” diýip BMG-niň belent münberinden aýdan sözleri doly derejede sporta hem degişlidir. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik syýasatyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly möçberli başlangyçlaryny häzirki wagtda doly derejede döwrüň Olimpiýa hereketini esaslandyryjy Pýer de Kuberteniň “Sporta waspnamasyndaky” meşhur sözleriň anyk beýany hökmünde häsiýetlendirmek bolar.
Döwlet derejesinde aýratyn alada edilmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty durnukly ösüşiň uzakmöhletleýin maksatlaryna ýetmek üçin tutuş çäreler toplumynyň ulgam dörediji şertleriň biri hökmünde ähmiýetine aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu ulgamda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy häzirki wagtda sportuň halklaryň we döwletleriň arasynda özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň ýoly goýulmagyna hem-de giňeldilmegine möhüm serişdeleriniň biridigine çuňňur düşünilmegine esaslanýar.
Sport ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda kabul edilen A/RES/71/160 belgili kararnama hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlarynyň ýerine ýetirilmeginiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ileri tutulýan garaýyşlar BMG-niň resminamalary hökmünde ýaýradyldy we onda sportuň ösdürilmegi bilelikdäki tagallalaryň goşulmagynyň esaslarynyň biri bolup durýandygy bellenilýär. Hususan-da, bu kararnamada “Biz ösüş we parahatçylyk ulgamynda sportuň barha ösýän ähmiýetini ykrar edýäris, sebäbi ol geçirimlilik hem-de hormat goýmak ýörelgeleriniň kemala gelmegine ýardam berýär hem-de zenanlaryň we ýaşlaryň, aýry-aýry şahsyýetleriň hem-de toparlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine şert döredýär, şeýle hem saglygy goraýyş, bilim we durmuş taýdan goşulyşmak maksatlaryna ýetilmegine goldaw berýär” diýlip bellenilýär.
Türkmenistanyň Bilim Ministrligi tarapyndan “Sport-parahatçylygyň ilçisi” şygary bilen Baky Bitaraplygymyzyň 22 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen sport ýaryşlary ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän 9-njy uniwersiadadan tapawutlylykda geçirildi. Bu ýaryşlar ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda döredilen döwrebap sport toplumlarynyň sportyň köp sanly görnüşleri bilen professional derejede meşgullanmaga döredilýän mümkinçilikleriň ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine iterýän güýçdigini ykrar edýär.
V Aziýa oýunlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi biziň Bitarap ýurdumyz üçin uly ähmiýete eýedir. Bu oýunlar ilatyň bedenterbiýe we sport bilen köpçülikleýin meşgullanmagy üçin zerur şertleri üpün edýär, berk bedenli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak üçin amatly şertleri döredýär.
Meşhur halkara bilermenleriň pikirine görä, Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň toplumlaýyn ösdürilmegi dünýä derejesindäki iri möçberli sport çärelerini geçirmek babatda ýurdumyzyň ägirt uly kuwwatyna şaýatlyk edýär. Bu bolsa gazanylan netijelere ählitaraplaýyn we giň gerimli meýilleşdirmek strategiýasynyň, öňde goýlan maksada ýetmegi üpjün edýän maksatnamalaýyn çäreleriň esasynda yhlasly we tutanýerli zähmet bilen ýetilendigini doly derejede şöhlelendirýär. Türkmenistan bu ýokary derejeli çäräniň guramaçylyk üpjünçiligi üçin dünýä meşhur guramaçy Jenap Mik Raýtyň iri halkara toplumlaýyn sport çärelerini guramakda uly tejribesinden peýdalandy. Munuň özi hem ýurduň taryhynda esasy täzelikleriň biridir. Outsoursing – ýagny professional hyzmaty satyn almagyň özboluşly tejribesi bolup taryha girdi. Londonda geçirilen Olimpiada-2012-de bu dünýä derejesindäki çäräniň logistiki üpjünçiligini gurnan hünärmen iri möçberli ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegi üçin şu ugurlara: sport desgalarynyň içgin taslamalaşdyrylmagyna, ýaryşlara taýýarlyk görmegiň barşynda ähli kompaniýalaryň we guramalaryň utgaşykly işlemeklerine, meýletinçiler hem-de sport hünärmenleri üçin synaglaryň hem-de okuwlaryň geçirilmegini yzygiderli ýola goýulmagyna aýratyn üns berildi.
Ýurdumyz bu ýokary derejeli çäräni guramagyň hukuk kepilliklerini hem durmuşa ornaşdyrdy. Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda” Kanunyň esasy maksady – V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede guramak we geçirmek üçin hukuk binýadyny we zerur şertleri döretmekden ybarat boldy. Mundan başga-da, 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda kabul edilen kanun meýletinçiligiň hukuk esaslaryny belleýär, meýletinçilik işiniň esasy ýörelgelerini we görnüşlerini, maksatlaryny we wezipelerini, bu işi amala aşyrmagyň esasy görnüşlerini we tertibini, şeýle hem meýletinçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň çärelerini kesgitleýär.
Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmek bilen bagly wezipäniň täze çemeleşmeleri talap edýändigi mälimdir. Häzirki döwürde Watanymyzda iri göwrümli taslamalar durmuşa geçirilýär. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýy tanalmaz derejede özgerýär. Gurluş syýasaty netijesinde biziň gazanan ajaýyp üstünliklerimiz barada dünýä jemgyýetçiliginiň habarlylygynyň pes bolmagy gynandyrýar. Häzirki döwürde iri we abraýly halkara Žurnalistler guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak dünýäde habarlary yzygiderli ýaýratmagyň iň netijeli usuly bolup durýar. Bu guramalaryň düzümine köp ýurtlaryň onlarça we ýüzlerçe habarlar agentlikleri girýär. Türkmenistan bu guramalaryň agzasy bolmagy, şol habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşly etmäge mümkinçilik döredýär. Gazanan ajaýyp üstünliklerimiz baradaky habarlary şol habar beriş serişdeleriniň üsti bilen birbada dünýäniň köp ýurtlarynda dessin ýaýratmak döwrüň talaby bolup durýar.
Bagtyýar döwrüň talyplaryna daşary ýurt dilinde bilim berýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Žurnalistika hünäriniň talyplary bu ugurda daşary ýurtlar üçin habarlaryň ýokary hilli we tiz taýýarlanmagyna öz şahsy goşantlaryny goşarlar. Daşary ýurt dilinde, aýratyn hem iňlis dilinde maglumatlary gönümel ulanmak we ussat terjimeçilik ukyplary zehinli talyplarymyzyň Türkmen döwlet habarlar gullugynda tejribe geçmeklerini gazandyrýar. Bu ýagdaý bir tarapdan bu edaranyň jogapkärli işiniň kämil derejede gurnalmagyna goşant goşsa, beýleki tarapdan talyplaryň öz hünärlerini kämil derejede öwrenmeklerine oňyn ýagdaýy şertlendirer.
Meýletinçilik işi boýunça hem uniwersitetimiziň çäginde ýörite merkez hereket edýär. Daşary ýurt dilinde bilim almagyň artykmaçlygy bu ugurda hem öz tapawutlylygyny görkezdi. Biziň talyplarymyz ýurdumyzda geçirilen halkara maslahatlarda we döwlet çärelerinde , Durnukly ulag ulgamy boýunça 1-nji ählumumy maslahat, Aşgabat – 2017 oýunlary we beýleki giň gerimli çärelerde talyplarymyz öz bilim we şahsy ukyp başarnyklary bilen tapawutlandylar. Mundan beýläk de ýurdumyzda geçiriljek halkara derejeli köpçülikleýin çärelerde biziň talyplarymyzyň we halypa mugallymlarymyzyň öz oňyn goşantlaryny goşjakdyklary äýdyňdyr.
Sporty, sagdynlygy, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmakda maksatnamalaýyn işler we syýasy goldaw ýokary derejede alnyp barylýar. 2017-nji nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň ýerine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi döredildi. Bu syýasy goldaw ýurdumyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän ýaşlaryň sporta, bilime, belent ahlak sypatlaryna ugrukdyrylmagyna has hem netijeli işleriň gurnalmagyny üpjün eder.
2018-nji ýyl- Türkmenistan Beýik Ýüpek Ýolunyň Ýüregi ýylynda “Amuldan Hazara çenli” awtoralli, welosipedli ýöriş, ylgamak boýunça ýaryşlaryň gurnalmagy hem ýurtda gurlan sagdyn maddy tehniki infrastrukturanyň netijeli ulanylmagyna mümkinçilik döreder. Saglyk syýahatçylygy, sport syýahatçylygy, tebigatdan üzňe bolmadyk sport görnüşleri dünýä ýüzünde rowaçlanýan täze pudaklaryň biri bolup durýar. Aýratyn hem ýaşlaryň bu sport görnüşlerine ugrukdyrylmagy olarda geljege bolan ynamyň ýokarlanmagyna itergi berer. Ýaş nesillere bilim almaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini şahsy durmuşynda ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar syýasaty rowaçlyklara beslensin!
Laçyn Kolbaýewa, sport ussady, uly mugallym
Kerimguly Geldiýew, mugallym
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti