Şu gün — 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatymyzda hakyky toý ruhuna beslenen sport-sagaldyş çäreleri geçirildi. Berkarar Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülendigini dabaralandyran bu çärelere ildeşlerimiz egsilmez şatlyk we hyjuw bilen gatnaşdy.
Her ýylyň 7-nji apreli Bütindünýa saglyk güni bolup, bu baýramçylyk mynasybetli indi däp bolşy ýaly, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin welosipedli ýörişlerdir sport maşklary, dürli sport ýaryşlarydyr bäsleşikler aýdym sazly çykyşlar bilen utgaşyp, ýokary ruhubelentlikde geçirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar» atly eserinde: «Bütindünýä saglyk güni biziň kämillige tarap ösýän we özgerýän jemgyýetimizde ruhubelentlik bilen bellenilýän, bütin halkymyzy egsilmez ruhy güýje besleýän ajaýyp baýramlaryň biridir» diýip bellemegi bu baýramçylygyň biziň jemgyýetimizde tutýan ornunyň wajypdygyny görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Çünki beden we ruhy taýdan sagdynlygyň, güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň gözbaşy bolan saglyk her bir adam üçin hem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen saglygy goraýyş edaralary we şypahanalar, sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gurlup ulanmaga berilýär. Ozal hereket edýän ugurdaş desgalar döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzda bilim edaralarynyň hem-de ýaşaýyş jaý toplumlarynyň taslamalary işlenip taýýarlanylanda we gurluşygy alnyp barlanda zerur bolan sport düzümleriniň döredilmegine hökmany talap hökmünde garalýar.
Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Bu herekete goşulýan ildeşlerimiziň hatary ýyl-ýyldan artýar. Ýurdumyzda saglyk bilen baglanyşykly amala aşyrylýan netijeli işler ekologiýa abadançylygy bilen berk baglanyşdyrylýar. Şunda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň ähmiýeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ulagyň ekologiýa taýdan iň arassa görnüşi hasaplanýan welosiped sport ulagy hökmünde-de uly meşhurlyga eýedir.
Ýurdumyzda welosiped bilen bagly Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen çäreler hem geçirildi. 2018-nji ýylda paýtagtymyzda «Iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy», 2019-njy ýylda bolsa «Iň dowamly, bir nyzamly welosipedli ýöriş» dünýä rekordlary hökmünde hasaba alyndy.
Welosiped sporty tutuş dünýäde örän meşhurdyr. 1896-njy ýylda sportuň bu görnüşi Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmegi bilen, Türkmenistanda welosiped sportunda ilkinji ädim ädildi.1895-nji ýylda ýurdumyzda welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirildi. Häzirki döwürde sportuň bu görnüşi ýurdumyzda täze ösüşe eýe bolup, onuň muşdaklarynyň sany yzygiderli artýar. Her ýyl geçirilýän welosipedli ýörişlere dürli ýaşdaky we dürli kärdäki ildeşlerimiziň müňlerçesiniň gatnaşmagy hem bu hakykatyň dabaralanmasydyr.
Täze taryhy eýýamda eziz Diýarymyzda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler üpjün edildi. Paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýaryşlary we türgenleşikleri geçirmek hem-de ýeňişleri bilen ýurdumyzyň abraýyny artdyrýan türgenleriň täze neslini kemala getirmek üçin kämil sport düzümleri döredilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň ösdürilmegi jemgyýetimiziň sagdynlygynyň hem-de bagtyýarlygynyň binýadyny berkidýär.
Oguljan Muhammetnyýazowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Umumy tehniki dersler kafedrasynyň mugallymy.