Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrmak, ilatymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesini üpjün etmek babatynda ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen birlikde Watanymyzda sportuň ösen milli ulgamyny döretmekde, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde, olimpiýa hereketini, ýokary derejedäki milli sporty ösdürmekde, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda alada edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň «Ýurdumyzda adamyň saglygy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolup durýar» diýen ynsanperwer ýörelgeleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzda ilatyň saglygyny we ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak, bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaklary üçin birnäçe döwlet maksatnamalary kabul edildi. Şeýlelikde, ýurdumyzda ilatyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde türkmen sporty täze galkynyşy başdan geçirýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak bilen bir hatarda ýurdumyzy sportuň ösýän mekanyna öwürdi. Häzirki wagtda ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar, öz başarnyklaryny görkezýärler. Şonuň üçin hem milli türgenlerimiz halkara we dünýä ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolup, türkmen Tuguny belende göterýärler.
Ösüş-özgertmeleriň ýoly bilen okgunly öňe barýan eziz Watanymyzda sporta we bedenterbiýä aýratyn üns berlip, diýarymyzyň ähli künjeklerinde sport maksatly desgalar yzygiderli gurulýar. Köpçülikleýin sporty ösdürmekde, ilatyň dürli gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmekde şeýle desgalaryň ähmiýeti uludyr. Sagdyn durmuş kadalaryna eýerýän ýaşlarymyz özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden we şertlerden netijeli peýdalanýarlar, sportda kämillige ýetip, Watanymyzyň sport abraýyny belende göterýärler.
Ajaýyp zamanada sport bilen meşgullanmak üçin uly mümkinçilikler bar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýän bedenterbiýe we sagaldyş toplumlarynda, beýleki sport desgalarynda her bir adamyň özüni beden taýdan taplamagy üçin ähli şertler üpjün edilen. Aýratynam, sport mekdepleri ösüp gelýän ýaş nesillerimizi beden we ruhy taýdan terbiýelemekde, olarda maksada okgunlylygy kemala getirmekde uly hyzmaty bitirýär. Bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyryp, sport äleminde gazanyljak üstünlikleriň berk binýadyny üpjün edýär.
Şeýle hem harby gullukçylaryň hem-de harby talyplaryň watansöýüjilik ruhuny has-da belende galdyrmak, olaryň durmuşyna köpçülikleýin bedenterbiýäni hem sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, sporta bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär.
Her ýylyň 7-nji apreli Bütindünýa saglyk güni bolup, bu baýramçylyk mynasybetli indi däp bolşy ýaly, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin welosipedli ýörişlerdir sport maşklary, dürli sport ýaryşlarydyr bäsleşikler aýdym sazly çykyşlar bilen utgaşyp, ýokary ruhubelentlikde geçirilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ussat türgenleri taýýarlamak işiniň hemmetaraplaýyn we ylmy esasda alnyp barylýandygyny belläsimiz gelýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklaryna oňat mümkinçilikler döredilendir. Bularyň hemmesi sözüň doly manysynda sport ýurduna öwrülen Watanymyzda halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene bir ýola äşgär edýär.
Döwran Nurberdiýew, Türkmenistanyň Serhet institutynyň kafedra müdiri.