TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Sport maşklary üçin “akylly” aýna

Käbir adamlar tälimçisiz sport bilen meşgullananda olarda hereketleri dogry edip-etmeýändigi barada şübhe döräp bilýär. Taýwanyň “Johnson Health Tech” kompaniýasy munuň üçin akylly aýna döretdi. Bu aýnanyň üsti bilen adamlar sport maşklaryny dogry berjaý edip bilerler.

“Haçan-da ulanyjy elini, aýagyny hereketlendirende akylly aýnanyň programmasy, onuň hereketiniň dogrydygyny ýa-da ýalňyşdygy aýdar” diýip, marketingiň ýolbaşçysy Danni Çan belläp geçýär.

Şeýle hem akylly aýnada ýerleşdirilen programma arkaly ulanyjy ýoga hereketlerini ýerine ýetirip biler.

“Bu akylly aýna esasan hem pandemiýa döwründe örän meşhur bolar, sebäbi sport bilen gyzyklanýan adamlar özleriniň hereketlerini öýlerinden çykman ýerine ýetirip bilerler” diýip, “Johnson Health Tech” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeýson Lo belläp geçýär.

Akylly aýnany dürli ýaşdaky adamlar hem ulanyp bilerler. Adama peýdaly akylly aýnanyň bahasy bolsa 1.800 dollara barabardyr.

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

Katar -2022: nobat 1/4 finalda

Katar-2022: rekordlaryň çempionaty

Katar-2022: 36 ýyldan soňra Marokkonyň üstünligi

Teswirle