No menu items!
17.1 C
İstanbul
26/02/2020 15:08
No menu items!
Ana Sayfa SPOR “Liwerpul”-a täze rekord goýmak başardarmyka? Mart aýyndaky çempionlyk arzuwy

“Liwerpul”-a täze rekord goýmak başardarmyka? Mart aýyndaky çempionlyk arzuwy

Angliýanyň futbol boýunça milli çempionatynda (“Premier Liga”) “Liwerpul” topary kerweniň başyny çekip gelýär. Onuň esasy bäsdeşi “Mançester Siti” topary bilen arasyndaky tapawut 22 bala ýetdi.

30 ýyldan bäri çempion bolmagy arzuw edip gelýän “Liwerpul” topary  mart aýynda çempion bolup, “Premier Ligada” täze üstünligiň hötdesinden gelmek mümkinçiligine eýedir. Geçen hepde “Southampton” toparyny 4:0 hasap bilen ýeňen “Liwerpul” çempionatdaky bassyr 16-njy ýeňşini baýram etdi. Germaniýaly ökde tälimçi Ýurgen Kloppyň tälim berýän bu topary “Mançester Siti” toparynyň “Tottenhem” toparyndan ýeňilmegi bilen arasyndaky aratapawudy 22 bala ýetirdi. Häzirki wagtda “Liwerpul” topary 25 hepdäniň ahyrynda 24 duşuşykda ýeňiş gazanyp, bir duşuşyk hem deňme-deň tamamlandy. Şeýlelikde “Liwerpul” ýeňilmän gelýän toparyň biridir.

“Liwerpul” toparynyň 25-nji tapgyrdan soň gazanan baly 73-ä deňdir, “Mançester Siti” toparynyň  baly bolsa 51-dir.

ÇEMPIONLYK ÜÇIN 6 ÝEŇIŞ GEREK

“Liwerpul” pellehana golaýlady. Mundan soňra topar 6 duşuşykda ýeňiş gazanan halatynda ýa-da 18 bal jemlän ýagdaýynda çempion bolar. “Liwerpul” topary çempionatda galan 13 duşuşykda hem 18 bal jemlän ýagdaýynda-da çempion bolup bilýär.

“Liwerpul” topary yzly-yzyna 6 duşuşykda ýeňiş gazananda, “Premier Liga”-da iň ir çempionlygyny yglan eden topar bolup, bu rekordyň eýesi bolar. Mundan ozal, “Mançester Ýunaýted” topary 2001-nji ýylyň 14-nji aprelinde çempionatyň tamamlanmagyna 5 hepde galanda çempionlygyny yglan edipdi.

“Liwerpul”-yň bu rekordyna “Manseçter Siti” topary hem öz goşandyny goşmagy mümkin. Sebäbi Hosep Gwardiolanyň toparyna öňümizdäki 6 hepdede “Mançester Ýunaýted” we “Çelsi” ýaly toparlar bilen duşuşyklary bar. Bu oýunlarda “Mançester Siti” bal ýitiren halatynda “Liwerpul”-yň işi ýeňilleşýär.

Çempionat 17-nji maýda tamamlanýar.

“Liwerpul”-yň öňümizdäki 6 hepdedäki duşuşyklary:

15.02.2020   “Norwiç Siti” – “Liwerpul”.

24.02.2020   “Liwerpul” – “West Ham”.

29.02.2020   “Uotford” – “Liwerpul”.

07.03.2020  “Liwerpul” – “Bornmut”.

14.03.2020  “Ewerton” – “Liwerpul”.

21.03.2020  “Liwerpul” – “Kristal Palas”.

04.04.2020   “Mançester Siti” – “Liwerpul”.

SON HABERLER

Türkmenistan’ın Tarafsızlık yıldönümü Uşak’ta kutlandı

Türkmenistan’da 2020 yılının ‘Türkmenistan – Tarafsızlık Ülkesi’ ülkesi ilan edilmesi ve Türkmenistan’ın Daimi Tarafsızlığının 25.yıldönümü vesilesiyle etkinlik düzenlendi. İki ülke milli marşlarının çalınması ile...

Türkmenistan’ın koronavirüs ile mücadelesi

Türkmenistan Devlet Başkanı Sayın Gurbanguli Berdimuhamedov, Bakanlar Kurulu Başkan Yardımcısı ve Hastalıkların Yayılmasıyla Mücadele Olağanüstü Komisyon Başkanı Pürli Agamuradov ve Sağlık Bakanı Nurmuhammet Amannepesov...

Türkiye’de Türkmenistan’ın ‘Tarafsızlık’ konseri

25 Şubat 2020 tarihinde Türkiye’nin Karabük üniversitesinde Türkmenistan’ın Daimi Tarafsızlığının 25.yıldönümü ve 2020 yılı ‘Türkmenistan-Tarafsızlık Yurdu’ sloganı dolayısıyla Türkmenistan’ın Türkiye Büyükelçiliği tarafından konser programı...

Türkmenistan Yabancı yatırımlar hukuku Dubai’deki sunumum konusu oldu

Birleşik Arap Emirlikleri’nin Dubai kentinde devam edem Uluslararası Petrolgaz Road Show Forumu’nda Uluslararası Atavatan Türkmenistan Dergisi Genel Yayın Yönetmeni Av. Dr.Döwran Orazgylyjow Türkmenistan’ın yabancı...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

ÇOK OKUNANLAR

Kakama Gowuşmadyk Hatlar

Kaka, soňky günler sabrym ýetenok, Garaşmaga, göreşmäge, ýeňmäge. Umydymy baýdak edip gezsemde, Haýry ýetmez gussalarmy kemmäge.

Geografyň gutlagy

Hormatly “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň okyjylary we bäsleşige gatnaşýanlar! Siziň hemmäňize bäsleşikde uly üstünlikler ýar bolsun, galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!

Huşum birýana

Aşyk bolup öz obamyň gözelne, Aklym haýran gitdi, huşum birýana, Janym gurban geljegine, ezelne, Gamym birýan gitdi, joşum birýana.

Bagyşla diýmäge derek

Yşk ýüpüni üzäýjekmi, Ýürekden söýmäge derek? Aýralyga dözäýjekmi, «Bagyşla» diýmäge derek?