TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Spartak” baş tälimçisini wezipesinden boşatdy

Russiýanyň “Spartak” topary baş tälimçisi Ruý Witoriýany wezipesinden boşatdy. 51 ýaşly portugaliýaly tälimçi bilen özara ylalaşyk esasynda şertnama ýatyryldy. Köpden bäri, Witoriýanyň haçan wezipesinden boşadyljakdygy baradaky habarlar metbugatda öz ornuny alýardy.

Portugaliýaly Ruý Witoriýa bilen “Spartak” topary Russiýanyň milli çempionatynda oňat netijeler görkezmedik bolsa-da, topar UEFA-nyň Ýewropa ligasynda pleý-off tapgyryna çykmagy başardy.

Ruý Witoriýa bilen onuň kömekçileri: Arnaldu Teýşeýra, Seržiu Botelýa, Luiş eşteweş hem-de Walter Diaş hem topardan gidýärler.

Russiýanyň milli çempionatynyň soňky tapgyrynda “Spartak” topary “Soçi” toparyndan 3:0 hasabynda ýeňildi. Şeýlelikde, bu topar 23 utuk bilen 9-njy orunda barýar. Çempionatyň öňbaşysy “Zenit” toparyndan 15 utuk aratapawudy bar.

Witoriýa maý aýynda “Spartak” toparyna tälimçilige bellenipdi. Ol topar bilen ähli ýaryşlarda 26 duşuşyga gatnaşdy we 9 ýeňiş gazanyp, 11 oýunda ýeňildi.

 

16-njy dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Katar-2022: Messi ýoluna dowam edýär

Fransiýa pleý-off tapgyryna çykan ilkinji ýygyndy

Teswirle