TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

“Söýginiň bar sagadynda tutuş ömür bar”

Adam dünýä inen gününden durmuşyň özboluşly kadalaryna, ýaşaýşyň manysyna düşünmek pelsepesini başyndan geçirýär. Ýaşlyk döwri ynsan ömriniň iň bir hyjuwly, işjeň döwrüdir. Her gün, her aý täzeliklerden, bütin älemiň syryny bilesigelijilikden, uzakdaky hadysalara akyl ýetirijiliklerden möwç urýar. Ukyp, zehin, başarnyk, bilesigeljilik, isleg arzuw, hyýallylyk, göwünjeňlik ýaşlygyň özenini düzýär, ynsany ganatlandyrýar. Şol ruhubelentlik näçe kämil berk, sagdyn, ynamly bolanda, ömürboýy ýaşaýyş manyly bolar. Söýgi—adama mahsus häsiýet. Çünki ynsana söýmek, söýülmek berlip, ol tebigatyň kanunydyr.         Danalarymyz: “Söýginiň bar sagadynda tutuş ömür bar” diýýär. Durmuşyň düýp manysy birek—biregi söýüp ýaşamakdyr. Söýgi seniň bagtly ýaşamagyň, ýaşamaga bolan ynamyň altyn açarydyr. “Söýüljek bolsaň söýginiň özi bol!” diýilýär. Her kim söýgini özüçe göz öňüne getirýär, oňa özüçe düşünýär. Söýgi şowly bolanda, köňle rahatlyk berýär. Söýgi sabyr—kanagatlylyk, geçirimlilik, syrdaşlyk ynsany ganatlandyrýar, maşgala binýadyny pugtalandyrýar, adam özüni bagtly duýýar.

Gözellik ynsana berilen peşgeşdir. Ol adama iki görnüş: içki we daşky dünýäsiniň baýlygy arkaly mahsusdyr. Iň esasy gözellik—adamyň kalp arassalygy, lebzi halallygy, sadadan—sypaýy mylaýymlygy, akylly başly häsiýetleri, göwnemakul hereketleri, ýan—ýoldaşyna wepadarlygy bilen ölçenilýändir. Adama mahsus onuň däp—dessurlary özünde jemleýän maşgala ähli tarapdan gözeldir. Ine, muňa çyn gözellik diýmek mümkindir.Çyn gözelligiň bar ýerinde hem bagt bardyr. Bagt üçin adamyň jan saglygy, asuda durmuş ýörelgesi, kalbynyň rahatlygy, pespälligi, geçirimliligi ilkinji zerurlykdyr. Durmuşyň islendik synagly ýollaryna, ýagny ajysyna—süýjisine, şatlyk—gussasyna paýhasly hem—de başarjaň häsiýetde hötde gelmek, bagta ýetmegiň özenini düzýändir. Bagtlylyk ýa—da bagtsyzlyk her bir ynsanyň özüne bagly we bagly däl ýagdaýda ýüze çykýan—da bolsa, olary öz ýaşaýşyň amatly tarapyna öwürmek, şol ynsanyň sabyr—kanagaty bilen düzelýändir. Sebäbi könelermiz “Sabyrly il dura—bara şat bolar diýýär. Esasy ene keramaty, zenan mertebesini beýgeltmeli mukaddeslikler ýanýoldaşyň bilen kemally perzendi terbiýeläp, halka ýaramly nesil ýetişdirilmeginden hasyl bolýandyr. Maşgalada durmuş tejribesi ýetik, görelde hemde nusga alarlyk eneler öz jan tenden söýýän jigerbendine asylly ýörelgeler bilen ýiti täsir edýär. Olar öý—ojagy, maşgala mukaddesiligini pugta saklamagyň gözbaşynda gyz—geliniň durýandygyny nesle geçirijilik häsiýetde dowam etdirýär. Şeýlelik bilen, türkmen zenanlary bagtly ýaşamagyň örän inçe syrlaryny perzentleriniň bagtynda görýär. Ata—baba aslyndan gaýdýan iň naýbaşy mukaddesligiň enedigi, çünki zenanyň ýaşaýşa gözellik hem mylaýymlyk paýlaýandygy düşnüklidir. Perzent bolsa durmuşymyzyň dowamaty bolmak bilen, ol öz häsiýetiniň goruny enäniň ak süýdünden, onuň halal terbiýesinden, sallançak başyndaky şirin hüwdüsinden, pent—nesihatlaryndan alyp gaýdýar. Dünýäni dörediji enäniň edep esbaplary çuň hem giň bolmak bilen maşgalanyň esasyny goýýar. Zenanyň maşgalada, jemgyýetde tutýan orny onuň abraý—mertebesiniň belentliginden habar berýär. Bagtly zenanlar bu günki ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýan her bir maşgala ojaklarymyzyň agzybirligini pugtalandyrmagyň söýesi bolup, ony nesilme—nesil dowam etdirýär.

 

Bekmurad Galandarow,

Daşoguz welaýat häkimliginiň garamagyndaky

  2-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle