TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

,,Söýgi ýaşaýyşdyr- Söýgi durmuşdyr”

Hemişe ýeke özüm oturyp pikir edýän dünýä ýüzünde söýgi diýen gudrat bolmadyk bolsa?

– Onda ynsan ogly nädip ýaşardy?

– Onda durmuş nähili bolardy?

– Asly durmuş, ýaşaýyş bolarmydy?

Ýöne bu soraglara gynansamda jogap tapyp bilmedim. Sebäbi adam dünýä geleninden söýgi bilen inýär we ilki söýgi  ene-ata soňra ýaşaýyşa bolan söýgi bilen başlaýar. Ýagny her bir ynsan ogly bagtly durmuş gurmaly. Gurlan maşgala durmuşy hökman söýgi bilen dowam edýär. Maşgala bolsa çagasyz göz öňümize gelenok bu bolsa Beýik Ýaradanyň bize peşgeş beren iň uly serpaýydyr. Ilki bilen  her bir gyzyň ( oglanyň öýlenmegi) gelin bolmagy , her ene-ata iň uly arzuwydyr. Her bir gelniň (oglanyň ata) ene bolmak arzuwy ahyryn. Şeýdip ynsan ogly perzende ýüzi düşýär. Şeýlelikde çaga uly söýgi bilen dünýä inýär. Her bir ynsan arzuwlan arzuwlarynyň birine ýetýär we ogully , gyzly bolýar. Durmuşyň kada kanunyna görä dünýä gelen çaga ilki dili açylanda eje sözi bilen başlaýar, bu bolsa ynsanyň enä bolan söýgisiniň beýany bolup , ýagny ynsanyň durmuşyndaky ilkinji söýgüsiniň başlangyjydyr.

Begendirdi enesin

Guwandyrdy atasyn

Dünýä geldi çagajyk

Söýgi dolduryp balajyk

Şeýdip çaga ulalyp çagalar bagyna gatnaýar, ol çagalar bagynda öwrenen ählije zatlaryny mekdep döwrine taýýarlanyşyny ene-atasyna uly höwes bilen gürrüň berer.Ene -atasy bolsa perzendiniň  diline guwanyp uly guwanç bilen diňleýişleri bu söýgi dälde näme eýsem?! Çaga soň okuw ýaşyna ýetip okuwa gitýär. Okuwa başlanyndan soň derslerine uly höwes bilen her bir dersine aýratyn hyjuw söýgi bilen garaýar , okaýar , arzuwlar etýär. Geljekde haýsy ugurdan gitjekdigini oýlanýar we şol ugra tarap uly taýýarlyk görmäge başlaýar. Muny bolsa mugallymlaryň kömegi bilen olaryň her bir okuwçyny uly söýgi bilen okatýandyklarynyň miwesi bolup, her bir okuwçynyň geljege bolan arzuwlarny gurmagy we şol arzuwlaryna ýetmegine uly paýlary bar. Şol bir wagtda-da ýaşlyk hyjuwy ýürekleri ersdirýär , oglanlar gyzlary synlaýar (gyzlar oglanlara göz astyndan garaýar) , ýüregini eýelän gyza garaýar. Ynsan şeýdip ýetginjek ýaşa ýetende ýenede bir söýgä uçuraýar, adam onuňam adyna ,,Aşk” diýýärler. Şeýdip mekdepden başlanýar ilkinji söýgi…

Salam berip ilki gadam basamda

Salam saňa, salam saňa ak mekdep

Söýgi bilen gujak açdyň sen maňa

Munuň üçin minnetdar men ak mekdep

Bu gün bolsa hoşlaşýaryn seň bilen

Beren bilimiňe minnetdar mekdep

Indi ýolum seniň beren bilimiň bilen

Ylym bilen dowamlaryn jan mekdep

Durmuş ýoly uzak onda nijeme söýgüler bar. Mekdep döwründe söýüp saýlan ugrundan ýokary okuw jaýlarynda synaglary tabşyrýar.  Synaglardan üstünlikli gazanýar we öz söýüp saýlan kärine ýetmek üçin bilim almaga başlaýar. Ýokary okuw jaýynda okaýar arzuwlarynyň bir bölegine ýetýär, ruhubelentlikde geljekde söýüp saýlan hünäriniň hem-de durmuş ýoly hakyndaky arzuwyny edýär.

Bu gün gadam basdym talyp durmuşa

Indi menem talyp ada mynasyp

Mekdepden alan bilimim bilen

Talyp ýolum bilen dowamlaryn men.

,,Adam arzuwsyz guş ganatsyz bolamaz” diýilişi ýaly, ynsan bir arzuwyna ýetenden soň durmuşdaky soňky arzuwyny edýär. Şeýdip höwes edip ýeten okuwynam tamamlaýar. Indi oňa durmuşda öz söýen gyzyny alyp bagtly durmuş gurup, söýülip hem-de söýüp ýaşamaga başlaýar. Maşgala gurmak , durmuş gurmak munuň özi bir uly sögi ahyry. Maşgala gurup oňa eýe bolmak ogully, gyzly bolmak olary öýli işikli etmek şolaryň bagtyna guwanmak , agtyk çowlyk görmek bu bir aňyrsyna ýetip bolmajak iň uly bagt ahyry,  bu bir söýgi dälde näme eýsem?! Munuň özi giden umman ýaly aňyrsyna ýetip bolmajak uç gyraksyz söýgi ahyry.Bulardan başgada söýen käriniň eýesi bolamak , kärini höwes bilen eýelemek oňa wepaly hyzmat etmek buda bir söýgi onda-da Ata Watanyňa Garaşsyz baky Bitarap ýurdymyza bolan söýgiden ybaratdyr. Bu bolsa her bir raýatyň öz Watanyna bolan söýgisini görkezýär.Bu her bir raýatyň Watan öňündäki borjuny görkezýär.

Umuman, durmuşda ynsan bolsun haýwan bolsun hatda janly zatlaryň hemmesi hem biri birine bolan söýgi bilen ýaşaýar, olar biri-birleri bilen baglanşyklydyrlar. Gülleri hemmeleriň söýşi ýaly gelin-gyzlaryň owadan gülleriň owadanlygyna näzikligine meňzeýşi ýaly her bir zat biri-birine baglydyr. Ynsanyň çöreksiz, gök önümsiz, miwesiz oňmaýşy ýaly buda bir uly söýgi ahyry. Ýa-da adamlaryň haýwanlary söýgi bilen hormat goýup idedip seredip onuň önümlerini almaklary bu söýgi dälde näme eýsem?! Galyberse-de bularyň hemmesi Ýaradan Allanyň ynsan ogluna beren iň uly bagty ynsan bolup dünýä gelmekdir.Ýagny haýwandan tapawutly akylymyz paýhasymyz bilen tebigatdaky janly tebigaty dolandyryp bilmegimiz hem munuň özi bir uly söýgi we bagt ahyry. Adamzadyň akylly paýhasly bolup täze açyşlar edip dünýäni dolandyryp bilmegi bu bir adamyň dünýäde ýaşaýyşa , durmuşa nesiline ,geljegine , özüne Watanyna bolan söýgüsidir. Allanyň uly söýgi bilen bize beren serpaýyndan peýdalanyp bizem ynsan bolup dünýä gelenimize şükür edeliň! Watanymyza söýgi bilen agzybirlikde halal zähmet bilen Watanmyzyň ösmegi ugrynda uly işler edip hyzmat edeliň! Ata Watanmyzy saglykda agzybirlikde ösen döwletleriň birine ýetireliň , öz söýgimizi zähmet çekip görkezeliň. Hawa durmuşy söýgüsüz göz öňüne getirmek mümkin däl . Dünýäniň özi söýgi bilen döreýşi , ýaradylşy ,gurluşy,dolandyrlyşy bularyň ählisi ullakan söýgidir.Geliň şonuň üçin  söýeliň söýleliň diňe söýüp ýaşalyň

Ata watan bu mukaddes ady biz

Geliň götereliň depämize täç edip

Watany söýeliň goralyň ony

Geliň götereliň depämize täç edip

 

 

Watan biziň ýaşaýşymyz geljegimiz

Şu günümiz hem ertirki görjegiňiz

Şatlygymyz şatlyk paýy aljagymyz

Şonuň üçin depämize täç edeliň

 

Ogulsuraý Meredowa,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşuk institutynyň talyby

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

Okap bilersiňiz  Üns Beriň ! Baýrakly Teswirler : Saýlanan Teswirler

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle