Söýgi täsirli derman

Söýgüsiz ýaşaýyş ýokdur. Söýgi babatda durmuşdaky hemme zat hakynda gyzykly, ruhlandyryjy makalalar, hekaýalar, oýlanmalar ýazyp bolar, ýöne men maşgaladaky söýgi hakynda beýan edesim gelýär. Sebäbi söýýän we  söýülýändigimi duýýan.

“Kakalaryň çagalary üçin iň gowy sowgady ejelerini çyndan söýmegidir.” Bu jümläni joralarymyň biri paýlaşypdy, menem gaty göwnejaý diýip belläp goýupdym we onuň bilen giriş etmegi ýerlikli bildim. Üns berýän bolsaňyz eje-kakanyň arasyndaky mähir-muhabbeti duýýan çagalar mähribandyrlar, keýpiçagdyrlar we girişgendirler. Sebäbi işden argyn gelýän ýa-da öýüň göze görner-görünmez hysyrdysy bilen halys bolýan biz ejeler kemçilikli ýanlarymyzy, gaharymyzy neresse çagalarymyzdan çykarmaga meýilli. Haçan-da bizi ýazgarman diňleýän, çagalaryna duýgudaşlyk bildirýän, giň, asuda ýoldaşymyz bolanda, biz ejeler hem öýe “gara bulutlary” getirmäge hiç höwesli däl. Dogry diýýäňiz, söýgi iki taraplaýyn bolmaly. Hakyky söýgi garşy tarapy hiç hili ýazgarmasyzdan kabul etmekdir. Hemmämizde-de kemçilik bar, ýöne ol kemter taraplarymyzy söýgümizi gazanan kişi belläninde düzedesimiz, dogrylaryny öwrenesimiz gelýär. Bu islendik kişi bolup biler gaýynymyz, dogan-garyndaşlarymyz, dost-ýarlarymyz, mugallymlarymyz. Şeýlelikde söýülýän zenanlaryň, gelinleriň ilkinji hüjümi çagalary bolman, eýsem olar bilen gowy wagt geçirjekdirler. Ol hem çagalarymyzyň iň isleýän zatlarynyň biridir.

“Är-aýalyň urşy – ýaz gününiň ýagşy” diýlişi ýaly, kähalatlarda maşgalada düşünişmezlikler bolup bilýär. Ýöne bu “ýaz ýagyşlary” apy-tupana öwrülen ýagdaýynda bigüna çagajyklaryň boýnuny burup bir tarapda çäresiz durýan gynandyryjy pursatlaryna duş gelýäris. Bu ýerde Deýl Karneginiň “Dosty neneňsi gazanmaly we adamlara täsiriňi nädip ýetirmeli” diýen kitabyndan degişli bellikleri mysal getiresim gelýär: “Her gün irden işe gidilende ellerimizi galgadyp ýönekeýje sagbollaşmamyz hem her gün sany artýan aýrylyşmalary azaldardy. Ýa-da. Öýden daşda, işde, halk köpçüliginde adamlar bilen mähirli bolşumyz ýaly, öýde-de mylakatly bolsak, gereksiz jenjeller bolmazdy.” Bu setirleri okaýan her kimiň “hawa” diýip makullajagyna ynanýaryn.

Hiç ýadymdan çykanok talyp ýyllarym umumy ýaşaýyş jaýynda hemişe ýylgyryp, gezýän bizden uly kurs bir gyz bardy. Bir gün onuň bilen söhbetdeş bolduk. Näme hakynda gürrüň edenimiz anyk ýadyma düşenok, ýöne gürrüňiniň dowamynda şeýle diýdi: “Kakam ejeme “Dünýäm!” diýip ýüzlenýär.” Täsirlenipdim, “Nähili bagtly Eje!” diýip içimi gepledipdim. Bu gün özüm eje, iki çaganyň ejesi edil beýle diýip ýüzlenilmesem-de, şoňa manydaş, hoş sözler bilen ýüzlenilýän bagtly eje. Aslynda bir-birege garaşylmadyk sowgatlar etmek maddy ýagdaýy talap edip biler dogry, emma biri-birimize ýakymly, hoşamaý sözleri aýtmak bilen hem göwnümizi alyp bileris. Ylalaşýan, käbir zatlary aýtmak dilde aňsat. Ýürekden çykmasa edesimiz gelmeýär. Şeýle-de bolsa, gowy netije berjek hal-ýagdaýlar üçin geliň özümizi biraz mejbur edeliň, hoşamaý bolalyň, yhlas edeliň! Wagtyň geçmegi bilen endik bolar, garşy tarap hem garşylyksyz galmaz ynanaýyň! Bir akyldar: “Turşy limondan süýji limonad ýasaň.” diýip sargapdyr. Bu sargyt esasan hem biz aýal maşgalalara düşýärmikä diýýän sebäbi öýüň arassaçylygyndan çaga terbiýesine çenli köp keşigi bize düşýär. Bizem her bir işi söýgi bilen etsek, işimiz kyn bolmaz.

Ýene-de hoşamaýlyk dogrysynda paýlaşasym gelýän zat bir bulgur suwuň daşyna ýazylan sözler hakynda. Belki köpüňiz eşidensiňiz, bir ýapon alymy iki bulgura suw salyp biriniň daşyna “seni ýigrenýän” beýlekisiniň daşyna bolsa “seni gowy görýän” ýaly jümleleri ýazypdyr. Birnäçe gün geçeninden soňra bulgurlardaky suwlaryň molekulalaryna seredip görse, hoş däl söz ýazylan suwuň molekulalary üýtgän hatda gorkunç haldamyş. Ýakymly söz ýazylan bulguryň suwunyň molekulalary bolsa bolmalysy ýaly arassa öz durkundamyş. Suwuň molekulalary garyň tozgajyklarydyr. Bu ýerde esasy ünsüňizi çekmek isleýän zadym ýönekeý suw hem daşyna ýazylany duýup şeýle täsirlenýän bolsa, mähriban çagalarymyzy, ýaşulylarymyzy, ýan-ýoldaşlarymyzy hat-da öý haýwanlarymyzy pikir edip göreliň. Hat-da öý haýwanlary diýip goşanymy geňirgemäň sebäbi bir kitapda okapdym, bolan wakamyş. Angliýanyň bir obasynda bir öý bikesi täze köpelen sygryny synlap görüpdir. Gölesini gysganýan sygyr her gün ýarym litrden gowrak süýt berýän bolsa, öý bike sygryny iýmlemäge baranynda ony sypalap, hoş sözler aýdyp başlanyndan soňra süýdüň möçberi iki-üç esse artypdyr. Ine, görşümiz ýaly hoşamaý, ýakymly sözler hiç bir ynsana, janly-jandara artykmaçlyk etmeýär.

Okap bilersiňiz  Ýewro-2020: Italiýa uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Şu nukdaýnazarlardan ugur alyp seretsek aýlanyp-öwrülip hemme zat ýene özümize düşýär, hawa, özümizden, maşgala ojagymyzdan başlanýar. “Belli bir wagtdan soňra söýgi öçýär, sönýär…” diýip el gowşuryp otyrman, özümizi “ýonup” duralyň, küteltmäliň. Käşgä belli şahsyýetleriň aýdan manyly, paýhasly sözlerini özümize şygar edinsek, azajygam bolsa okamaga wagt tapsak, köp zat babatda şikaýat etmezdik.

Aslynda makalamy has-da giňeldip biljek birnäçe paýlaşasym gelýän mysallarym bar, ýöne az bolsun uz bolsun. Ýokarda-da belleýşim ýaly, söýgüsiz uzak ýaşan ýokdur. Makalamyň soňuny Lukman Hekimiň sözleri bilen jemläsim gelýär: “Köp ýyllaryň dowamynda dürli dermanlar bilen adamlary bejerdim. Tejribäme daýanyp şu netijä geldim. Söýgi we muhabbetden has peýdaly we täsirli derman ýok eken.”

Okap bilersiňiz  Ýewro 2020: 13-nji iýundaky duşuşyklary

                             Komekowa Sona Owezgeldiýewna

Päk Nesil hojalyk jemgyyeti,  inlis dili mugallym

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Tennis dünýäsiniň esasy ýaryşlarynyň biri hasaplanýan Fransiýanyň açyk çempionaty (Roland Garros) tamamlandy. Onda serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç ýeňiş gazandy. Ol final duşuşygynda gresiýaly garşydaşy Stefanos Sisipasy ýeňmegi başardy. Duşuşyk 6:7 (6:8), 2:6, 6:3, 6:2, 6:4 hasabynda 34 ýaşly serbiýaly tennisçiniň peýdasyna tamamlandy. Ilkinji gezek 2004-nji ýyldan bäri Fransiýanyň açyk çempionatynda ýeňiji aýgytlaýjy tapgyrda mälim boldy. Jokowiç bilen Sisipas 8-nji gezek duşuşdy....
Ýewropa yklymynda Ýewro-2020 çempionaty dowam edýän döwründe Amerika yklymynda hem "Kopa Amerika" futbol ýaryşy badalgal aldy. Braziliýada geçirilýän bu ýaryşyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Onda Braziliýanyň milli ýygyndysy Wenesuelanyň milli ýygyndysy 3:0 hasabynda, Kolumbýiýanyň milli ýygyndysy bolsa Ekwadory 1:0 hasabynda utdy. Braziliýanyň düzüminda Markinos, Neýmar (11 metrlik jerime) we Gabriel Barboza tapawutlandy. Kolumbiýanyň milli ýygyndysynda bolsa Kardena tapawutlandy. "Kopa Amerikada" ertir, ýagny 15-nji iýunda...
Futbol boýunça Ýewropa çempionaty gyzykly duşuşyklary bieln dowam edýär. Ýewropanyň 12 şäherinde geçirilýän bu duşuşyklarda gyzykly hem-de çekeleşikli oýunlar geçirilýär. "D" TOPARY Sagat 18:00  Şotlandiýa  - Çehiýa Glazgo şäherinde geçiriljek bu duşuşyk Şotlandiýanyň 1998-nji ýyldan bäri garaşýan pursaty - 23 ýyldan bäri esasy finala çykan ilkinji ýaryşydyr. "E" TOPARY Sagat 21:00  Polşa - Slowakiýa Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde geçiriljek duşuşyk polşaly Robert Lewandowskiniň özüniň görkezmegi üçin...
Futbol boýunça Ýewropa çempionaty dowam edýär. Düýn "Ç" hem-de "D" toparynyň duşuşyklary geçirildi. Sagat 18:00-daky duşuşykda Angliýa bilen Horwatiýanyň milli ýygyndylary duşuşdylar. Olar "D" toparynda çykyş edýärler. Örän çekeleşikli geçen duşuşykda Angliýanyň milli ýygyndysy 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň ýeke-täk goluny Rahim Sterling geçirdi. "Ç" TOPARYNYŇ DUŞUŞYKLARY Soňra sagat 21:00 we 00:00-da bolsa "Ç" toparynyň duşuşyklary geçirildi. Ilki bilen Awstriýa bilen Demirgazyk Makedoniýa...
Aýakgabyňyzy çykaryň. Ýapon medeniýetinde pollara we tatami matalarynyň mümkin boldugyça arassa bolmagyny üpjün etmek üçin bir jaýa gireniňizde aýakgabyňyzy çykarmak gowy we möhüm edep hasaplanylýar. Bu hili arassaçylyk köp öý hojalyklarda we restoranlarda talap edilýär, adamlar pola ýakyn tatami düşeginde iýýärler, krowatdan tapawutlylykda tatami düşeginde ýatmak hem adaty zat. Mundan başga-da, ähli otaglarda diňe jorap ýa-da aýakýalaňaç hereket etmegiň ýerine,...

Teswirler

Aýbölek Abdyrasulowa
Edepli Ile Ýarar
Babahan Berdiýew
“Öwgi” usuly
18,713BeğenenlerBeğen
19,500TakipçilerTakip Et
834TakipçilerTakip Et
417AbonelerAbone

Iň täze habarlar