TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Söýgi köliniň täsinligi

Söýgi köli, Dubaýyň golaýyndaky çölde döredilen iki ýürek görnüşindäki emeli köl. Bu, Ýakyn Gündogara baran jübütler üçin iň täsirli ýerleriň biridir. Söýgi köli Dubaýdan 40 km uzaklykda, Rub al-Hali çölüniň demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşýär. Bular biri-birine bagly ýürek görnüşindäki iki köl. Al-Kudra oazisiniň golaýynda görüp blersiňiz. Älem giňişlikde görülende bu ajaýyp 550,000 m2 köl.

Söýgi köli Dubaýyň şäher ýerlerinden gaty uzakda ýerleşip, çöl bilen gurşalan hakyky oazise meňzeýär. Taslamanyň bahasy barada takyk maglumat tapyp bilmedik. Şeýle-de bolsa, bu mukdaryň täsir galdyryjydygyny arkaýyn çaklap bileris. Mundan başga-da, bu ýerde ýürek şekilli köllerden başga-da müňlerçe gyrymsy agaç, 16,000 töweregi agaç we köp sanly açyk gül ekildi. Bu ajaýyp ýerde diňe ösümlikler däl, eýsem balyklar hem bar. Bu ýer 2018-nji ýylyň noýabr aýynda açyldy. Kölüň görnüşinden lezzet almagyň iň gowy usuly dikuçardan görmeklikdir. Seýilgähde umumy uzynlygy 7 kilometre barabar üç sany ýörelge ýodasy bar. Bu ýollar gijelerine ajaýyp öwüşgün saçýar, şonuň üçin seýilgäh Gün ýaşandan soň hem syýahatçylar üçin aýratyn dynç alyş zolagyna öwrülýär.

                 Tawus GOÇMYRADOWA,

TOHU-nyň mugallymy.

 

Sosial media marketingine strategiki çemeleşmek zerurlygy

Ýene-de okaň

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk jemlendi

Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär

Ýurdumyzyň dag-magdan senagaty işjeň ösdürilýär

Teswirle