TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

   Söýgi – Duýgulañ şasy

                                           

Söýülmek belentmi ýa söýmek diýip,

Sorag berip gördüm jümle-jahana.

Jahanam durdy-da bir salym dymyp,

Elbetde söýüşmek diýdi güldi-de.

                                                                                             G.Ezizow

           Söýgi … Gör, nähili belent duýgy,duýgylaryñ şasy, ýaşaýşa itergi berýän uly bir güyç. Megerem, söýgüniň tagamyny datmadyk, söýgi dünýäsine gadam basmadyk ynsan bolmasa gerek. Geçmişe ser salanymyzda söýgi diýip Kaýys çöllerde mejnun bolmadymy, Gülşa diyip ol Warka jöwri jepaly geçmedimi, Şirin diýip aşyk Perhat gül ömrüni söýgi ýolunda ýakmadymy… Aý garaz, söýgüsi üçin göreşen, hat-da, janyny gurban eden aşyklarymyz sanardan kän. Munuñ beýledigine Abdylla Şabendäniñ “Gözelim”atly goşgusyny okanymyzda-da doly göz ýetirýäris. Ýagny, ol goşguda şeýle diýilýär:

Şeýle çyksañ, nigarim,bezenip ýaşyl-aly,

Her sözüñ müñ tümendir,bakyşyñ hun bahaly,

Şirin bile ol Perhat çekdi ança webaly,

“Leýli “ diýip, ol Mejnun boldy diwana däli,

Warka aşyk “Gülşa” diýip, ötdi jöwri jepaly,

Zöhre, Tahyr çyrmaşyp, çykdy serwi nahaly

Arzy bilen ol Gambar biri-birine wepaly,

Ýusup bile Züleýha geçdi zowky-sapaly,

Seýpelmelek alypdyr söýüp Methaljemaly,

Bizden owal goýupdyr ýedi aşyk bu ýoly,

Ýatsam gijeler düÿşüm, gündiz köñlüm hyýaly,

Älem görki-guwanjym, serwi-rowan Gözelim.

Megerem, çyn söýgüni wasp edip goşgy döretmedik şahyr, aýdym aýtmadyk bagşy bolmasa gerek. Mysal üçin, XVIII-XIX asyryñ meşhur şahyry Mollanepes edebiýatda “Yşk mülküniñ şasy” diýen beýik at bilen tanalýar.Ol yöne ýere däl. Ýa -da dünýä edebiýaty bolsun, türkmen edebiýaty bolsun islendik şahyryñ ýa-da ýazyjynyň söýgi hakynda döreden eserlerine duş gelmek bolýar.Toý-dabaralarymyzyñ bezegi bolan bagşylarymyz hem edil şolar ýaly çyn söýgüni wasp edýän aýdymlary bilen sahnalarymyzy bezäp otyr.

Söýgi -bu gaty haýran galdyryjy duýgy.Ol gündizleri diñe şol söýýän ynsanyñ hakynda pikirlendirýän,gijeleri uky bermeýän,eger tötänlikden uklap galaýsañ-da düýşüñde heläkleýän,ajygsañ-da özüñi dok ýaly duýdurýan, aklyñy başyñdan ogurlaýan…bir duýgy. Gör,bu nähili çylşyrymly, çözülmeýän, hat-da, hiç kime düşündirip hem bolmaýan çykalgasyz zat. Duýgylaryñ şasy bolan söýgi Adam ata bilen Howa ene dünýä gelenden bäri bar ýöne, entägem ol duýgunyñ nämedigini düşündirip we oña anyk kesgitleme tapan ynsan ýok. Onsoñam söýgüden söhbet açylanda hemme 18 ýaşyny ýatlaýar.Sebäbi 18 ýaş ýetginjekligiñ bahary, iñ owadan bolýan döwrüñ…

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyñ “Paýhas çeşmesi”kitabynda hem söÿgi hakynda birnäçe nakyllardyr atalar sözi öz beýanyny tapýar. Ýagny:

  • Söýgüniň gözi kör.
  • Söýene soltan sen, söýmedige oltañ.
  • Söýenimiñ göwni üçin söýmezimi söýerin.
  • Söýeniñ gözi perdeli.
  • Söýeniñi alma, söýeni
  • Söýgi-durmuş manysy,sabyr-ömür hazynasy.
  • Söýgi-görk islemez, uky-ýassyk.
  • Söýmage deñ oglanym, söyenmäge kem oglanym.

Berkarar döwletimiziñ bagtyýarlyk döwründe okamaga, döretmäge giñ mümkinçilikleri döredip berýän mähriban hem-de Gahryman Arkadagymyza buýsançdan doly talyp kalbymdan minnetdarlyk bildiryärin. Bu ýazan makalamy öz düzen goşgum bilen tamamlamagy makul bildim.

 

Söýgi-bu hamala boş bir kagyz,

Ele galam alyp,doldursam ýüzün.

Emma, namçündir gurbum çatanok,

Pikirlenen wagtym gyzarýar ýüzüm

 

Söýgi-duýgularyñ dişagyrysy,

Aýdyp, düşündirip tutup bolanok.

Ýöne ýere diýlenok “Duýgulañ şasy”

Söýgini unudyp, zyñyp bolanok.

Ony göterýärkäk kalbyñ töründe

Söýginiň gadyryn bilip ýaşalyñ!

Söýgi meniñem içimde ajaýyp ,owadan sözler bilen nagyşlanýar ýöne, ol duýguny beýan edip waspyny ýetirmek üçin bu setirler maña gysga gelýär.

 

 

Gunça Joraýewa,

Türkiýe Respublikasynyñ Kafkas uniwersitetiniñ talyby

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle