TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

     “Söýgi- durmuşyň özeni”

Söýgi-bu adamyň iň ýakyn,çuň duýgylarynyň biri. Köptaraply we güýçli,kähalatlarda adamyň aklynyň we ýüreginiň dyngysyz jedeli. Mertleri, gahrymanlary, gayduwsyz adamlary ejizlendirýän we tersine, ejiz adamlary güýçlendirýän, özüniň öňündäki ähli böwetleri ýeňip geçmäпe itergi, ylahy güýç berýän gudratly duýgy.

Seni söýüp göz ýetirdim bir zada,

                             Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde

                                                                (Gurbannazar Ezizow)

Adam akyly we düşünjesi bilen tapawutlanýar.Dünýä inen her bir adam öz erkine bu dünýä inmedigine we öz erki bilen dünýäden ötmejegini bilýär. Şol sebäpli hem söýýän adamyň, ýakyn adamyň senden öň ýa da sen söýýän adamyňdan öň bu dünýäni goýup gitjegiňe düşünýärsiň.Elbetde ýakyn,söýýän adamlaryňdan aýra düşmek ,önüp ösen obaňy terk etmek ýaly pursatlar adamy gam gussanyň içine taşlaýar Şu halatda biz özümizi tebigatyň we durmuşyň kanunlarynyň öňünde ejiz,güýçsiz,bialaç duýýarys.Şol pursat hem ýalňyzlyk duýgusy bizi bütinleýin gurşap alýar.Adamyň içki ýalňyzlyk tussaghanasynyň açary bolan ajaýyp Söýgi duýgusy ýenede biziň dadymyza ýetişýär,bizi ýalňyzlykdan halas edýär,ýaşamana täzeden  güýç berýär.Söýgi-bu kiçijik çaga mysaly,häzir näme etjegini öňünden bilip bolmaýan, kä halatlarda betbagt, kä halatlarda bolsa şadyýan, sähel zada begenýän we sähel zada gynanýan ejiz hem näzik goraga mätäç duýgy. Söýgüni näçe apalap, gorap saklasaň, şonçada päk, arassa,mukaddeslik derejesinde kemala gelýär.Kiçijikkäk ejemiz bize: “ Balam, çörek owuntyklaryny ýere gaçyrma, çörek mukaddesdir, ony harlamak bolmaz, bu günä” diýerdi. Eger, biz söýgini ähli zadyň

özeni, mukaddes hasaplasak, ony harlamak  hem günä dälmi eýsem?!

Aslynda, söýmek we söýülmek näme? Söýmek diýmek – bu talap etmek, almak däl-de, eýsem hödür etmek, bermek diýmekdir. Biz söýýän adamymyz üçin özümizde bar bolan iň gymmatly zadymyzy, ýagny şirin janymyzy hem bermäge taýyn. Beýle diýildigi diňe janyňy bermek diýmek däl-de, seniň diriligiňi alamatlandyrýan ähli zadyňy, şatlygyňy, gaýgyňy, gülkiňi, göz ýaşyňy, arzuwyňy paýlaşmak diýmekdir, yzyna hiç hili gaýtargysyna garaşman paýlaşmak diýmekdir. Elbetde, bu sende artykmaç bolany üçin däl-de, söýýän adamyň bilen özüňi ýaşatýan,diriligiňi alamatlandyrýan duýgylaryň bilen paýlaşmak we şol bir wagtyň  lezzet almak üçindir. Bu şeýle bolanda,senden bu duýgulary kabul edýän adam özüniň hem seniň bilen ähli zadyny saňa jogap edip paýlaşasy gelýändigini duýar.Ynha,söýginiň düýp manysy hem şundan ybarat! Ýokarda belläp geçişimiz ýaly,söýginiň ugurlary kän,ol diňe bir adam däl,eýsem maddy zerurlyga bolan söýgi hem bar. Şol sebäpden hem, biz göwnümize ýaraýan, halaýan zadymyz üçin ( jaý,maşyn,owadan egin-eşikler we şuňa meňzeşler) ummasyz pul serişdelerini harçlamaga taýyn.

Alla bolan söýgi- ybadat etmäge iterýär, ene – ata söýgi, perzende, tebigata, Watana, janly-jandarlara we ähli zada bolan söýgi duýgusy adamy hormata, borja, jogapkärçilik ýaly adamyň iň gowy häsiýetli taraplaryny oýarýar. Öz zähmet çekýän käriňe bolan söýgi hem, täzelikleriň, ösüşleriň, açyşlaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Ýurt baştutanlarynyň hem öz halkyna, Watanyna söýgi duýgulary ýüze çykanda, durmuş, ýaşaýyş şertleriniň ýokary, ösen derejede bolmagyna getirýär. Şeýle hem adam döräli onuň tebigy betbagtçylyklardan, ýyrtyjy haýwanlardan goranyp bilmegi üçin  “özüni goramak“ instinkt bilen dogulan. Bu instinktdan üstün çykan  gudratly duýgy-bu Söýgidir! Megerem, şol sebäpden Watana, Ene topraga bolan hakyky söýgi  duýgusy üçin birnäçe gahrymanlar öz janlaryny aýaman pida etdiler. Söýgi mertligi talap edýär, Söýgüniň agyr külpetli ýoluny ýeňillik bilen geçmeklik üçin mertlik gerek bolýar.

Adamda birnäçe duýgy bar: gabanjaňlyk,göriplik,gysgançlyk ýöne bularyň hemmesi hyjuw. Emma, söýgi beýleki duýgulardan özüniň hili bilen tapawutlanýar, ol biziň daşymyzy gurşap alýan ähli zady gowluga öwürmäge itergi berip biljek ýeke-täk päk duýgynyň biri. Söýgi diýmek-bu hormat, jogapkärçilik, ideg diýmekdir. Enäniň perzendine bolan söýgüsi hem şu duýgularyň netijesinde aýdyň görünýär. Tebigata söýgi hem biziň daşky gurşawymyzy goramagymyz oňa ideg etmegimiz esasynda ýüze çykýar, halaýan güllerimize suw berip ideg edişimiz kimin. Söýýän adam edil özüne jogapkärli bolşy ýaly, ýakynlary, söýýänleri üçin hem  özüni jogapkärli duýýar. Hut söýgi duýgusy adamy jogapkärlige, ideg etmäge iterýär, bu bolsa öz nobatynda söýgüniň hasylyny berýär.

Jennet  Kuliýewa,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, suratkeş.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle