Söýgi: Bäsleşikden soňky pikirler

Sanly ulgamyň adama beren miwesi sanardan köp. Oturan ýeriňden dünýäniň ol ujunda bolup duran zady edil golaýyňda ýaly görüp bilmek diýermiň, özüňi gyzyklandyrýan maglumatlary okamak diýermiň ýa bolmasa söýgi ýaly ajaýyp duýgular barada oýlanmalary okap bilmek diýermiň… garaz sanasaň sogaby kän.

Şol sanda döwrümizde ýoň bolan internet saýtlary hem bize juda uly «utuş» gazandyrdy. Oturan ýeriňden dünýäniň ol ujunda bolup duran wakalary gyzgyny bilen habardar bolup bilýäris. Gündelik habarlary halka ýetirmek bilen çäklenmän, halky döredijilige çagyrýan saýtlaryň biri hem  atavatanturkmenistan.com bu günki gün halkyň arasynda uly meşhurlyk gazandy.

*****

«Atawatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň bu resmi saýtynyň döredijilik topary döredijilik bäsleşigini geçirip, üstünlikli jemlediler, «Akylly sözlük — Makul sözlük» applikasiýasy  we «Atawatan» applikasiýasy instagram bäsleşigi bolsa, entegem dowam  edýär. Bu bäsleşikleriň mowzugy bir, ýagny «Söýgi».

Öz şahsy pikirime görä, «Söýgi» temasy ýyllar geçsin,  döwür geçsin, heňňäm geçsin, onda-da öz derwaýyslygyny ýitirenok. Çünki gadymy döwürlerde-de söýgini wasp edip, goşgy-gazal aýdypdyrlar. Geçen asyrda-da şahyrdyr ýazyjylarymyz söýgüden ylham alyp, ajaýyp setirleri döredipdirler we biziň günlerimizde hem bu tema ör boýuna galýar. Çünki söýgi — durmuşyň ylham çeşmesidir…

Elbetde, köpümiz, uludan kiçi ählimiz «Atawatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň resmi saýtynyň bäsleşigine gatnaşan ildeşlerimiziň makalalaryny (Siz şol makalalary şu ýere basyp okap bilersiňiz) uly höwes bilen okadyk. Awtorlaryň arasynda tanymal žurnalistlerimiz hem bardy, kiçi bolmagyna garamazdan söýgi hakynda barja düşünjesini setirlere sygdyrjak bolan okuwçylar hem bardy, söýginiň manysyna aňryýany bilen düşünip, durmuşyndan mysal getiren ýaşuly neslimiz hem bardy, şeýle-de nowjuwan ýaşynda yşga uçran ýaş oglan- gyzlarymyz hem bardy. Bu neneň oňat alamat. Görüp otursaň, söýginiň ýaşy ýokda. Çünki söýgä düşünmeýän adam, bu hakynda makala ýazyp, özüne ynamly «bäsdeşmäge çykmaz».

Okap bilersiňiz  «Johnson & Johnsondan» ägirt uly sahylyk

*****

Söýgi — bu düýşmi, arzuwmy, hyýalmy? Eýsem bu birek-birege «söýýän» diýýän adamlar, söýgini wasp edýän ýazyjy-şahyrlar, bagşylar düýşdemidi asyl?

Hakykatdan hem söýgi hakynda dynman gürrüň edýärler. «Özüňi söýmek» diýlen düşünje hem bar. Oňa käbiri «egoizm» diýip düşünýär, başgalary bolsa, «Söýginiň başlangyjy özüňden başlanýar» diýlen pikire eýerýär. Soňra perzendiňe, ene-ataňa, söýgüliňe, dostuňa bolan söýgiň  bar…

Umuman, meniň gelen netijäm, söýgi — durmuşymyzda biziň üçin ähmiýetli we ähmiýetsiz adamlary aratapawutlandyrmak üçin bar bolan duýgy. Söýgisiz biz biparh, söýgüden doly ýürek hyjuwdan doly…

….Ýöne ilki bilen, söýmek üçin ajaýyp ýürek, ukyp gerek. Söýmek — uly bagt. Söýgi ynsana berlen ylahy ukyp. Ýöne bu mukaddes duýgy hemmä deň berilmändir. Söýen ýürek mydama hem bagyşlap bilýär. Söýgi hakyky bolsa, ol biziň mydama ýüreklerimizde ýaşar…

 

Instagram Bäsleşigi : “Makul Sözlük” we “Atavatan” Applikasiýasy

 

Jemi 43 baýrak: Bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy