Söýgi-Allanyñ peşgeşi

Elbetde, söýgi Allanyñ adamzada beren peşgeşidir. Söýgüsiz bu durmuşyñ manysy bolmazdy, adamzady durmuşa ruhlandyrýan güýç-bu söýgüdir. Söýýän we söýülýän adamyñ gözleri uçganaklap, ýanyp durandyr. Bu gojaman zemin söýýän we söýülýän adamyñ gözüne şeýlebir owadandyr, göyä jennetdir. Söýgüniñ özi dünýäniñ aýrylmaz bölegidir. Söýgi- bu ruhy gymmatlyk bolup, ýaşaýşa ymtylyşdyr. Men size şu ýerde, daglyk obalaryñ birinde bolup geçen, bir söýgüniñ taryhy barada aýdyp bereýin…
Begliniñ öýlenýändigi baradaky habar Jemaly ýyldyrym urana döndürdi. Ol näme etjegini bilmedi, aljyrady, özüni ýitirdi. Ony her dürli pikirler gam laýyna batyrdy. Begli öz garyndaşy Marala öýlenýärdi. Maral Begli bilen Jemalyñ söýgüsinden habarlydy. Jemal öz ýanyndan Marala gahary geldi. “Ol nädip meniñ söýgümi alyp bilýärkä” diýip oýlandy. Ol öz derdini kim bilen paýlaşjagyny bilmedi. Aglamaga öýdäkilerden çekindi. Onsoñ ol çeşmeden suw almaga Sumbaryñ kenaryna tarap ugrady. Ol Pyragynyñ keşbi siñen daglara öz arzyny aýtdy, zeýrendi. Ol daga garap, göýä Magtymguly şahyr bilen gürleşýän ýaly bolup, oña ýüzlendi. “Eý, beýik söz ussadym Pyragy, bu gün menem seniñ ýaly öz söýgümden jyda düşdüm. Daglar daşlar eräp çeke bilmez bu derdi diýleni. Yşk derdini çekmäge maña özün ýardam et” diýip aglady. Yşga düşse guşlar eñrär, gurt aglar diýleni hakykat. Jemalyñ ahy-perýadyna Sumbaram şol gün gamgyn akdy. Ol Sumbaryñ suwuna ýüzüni ýuwup, bedresini suwdan dolduryp öýlerine tarap ugrady.
Beglini näme üçindir ene-atasy ir öýerdi. Jemalyñ welin heniz öñünde dogany bardy. Gyzyñ ýüreginde okamak höwesi bardy. Jemalyň ilkinji söýgisi onuñ ýüreginde paşmadyk wysal bolup galdy. Jemal öz söýgüsi barada şygra ýüregini açdy. Söýgi hakda ençeme goşgular ýazdy. Begli öýlenip, derrewem Watan öñündäki borjuny ýerine ýetirmek üçin, 2 ýyllyk gulluga gitdi. Jemal bolsa, Aşgabatdaky Türkmen politehniki institutyna okuwa girdi. Aşyklaryñ şäheri Aşgabat dagly gyzyñ kalbynda ýene-de ýaşaýşa bolan umyt döretdi. Ine-de, talyplyk ýyllary başlandy.Talyp ýigitlerdenem Jemala söz aýdanlar kän boldy, ýöne Jemal hiç özüniñ ilkinji söygüsini unudyp bilenokdy. Oña Begliden başga oglan ýok ýalydy. Ine günleriñ birinde talyplaryñ umumy ýaşaýyş jaýynyñ öñünde Jemal Beglä gabat geldi. Jemal Beglini gören badyna doñup galdy. Ýüzi bir gyzaryp bir agardy, boz ýaz boldy. Ýüregi çalt-çalt urup gursagyny ýarara getirdi. Begli Jemala ýylgyryp salam berdi. Soňra ol gyza garap,
-Jemal senlik bir gürrünim bar- diýdi. Jemal:
-Näme gürrüñ aýdyber-diýip ony diñledi. Olar bir gyrada gürleşmäge durdular. Begli özüni ene-atasynyñ zor bilen öýerendiklerini, ol gyzy söýmeýändigini gürrüñ berdi. Ol Jemala şeýle diýdi:
-Men aýrylyşjak. Men sensiz ýaşap bilemok, seni almasam şu dünýäden gözümi açyp, armanly giderin- diýdi. Jemal şol gün begenjinden uçaýjak bolýardy. Uzak aýralykdan soñ, ýarynyň didaryny gören gyz onuñ öýlenendiginem birbada unutdy. Ol köp oýlanyp oturdy. Çünki ol henizem Beglini söýýärdi. Onuñ öýlenendigi weli gyzyñ bagryny ýakýardy. Ähli öýlenmedik ýigitler birýana, Begliniñ ýeke özi birýanady. Onuň gözüne bir Begli görünýärdi. Dünýäde onuñ üçin diñe bir ýigit bardy, olam Beglidi .. Jemal bu mesele barada oýlanyp görmegi wada berip, Begliniñ ýanyndan gaýtdy.
Jemal gyşky dynç alyş rugsadynda öýlerine geldi. Öýde ejesine ähli zady bolşy ýaly gürrüñ berdi. Bike daýza gyzynyñ syrdaşydy, maslahatçysydy. Ejesi bar zatdan habarlydy. Ol Jemalyñ ýazýan goşgularynyñ ilkinji okyjysydy. Ol bir gezek Jemalyñ ýazan söýgi hakdaky goşgularyny okap, şeýle diýdi:
-Gyzym, söýgi hakda goşgy ýazmasana.
Jemal ondan sebäbini soranda,
-“Gazetde Jemalyñ goşgusy çykypdyr” diýsem, dädeň ” Hany oka, näme ýazypdyr gyzym” diýýär. Menem seniñ söýýän, köýyän diýen sözleriñi dädeñe okap bermäge utanýan diýdi. Gyzynyň Begli hakdaky gürrüñlerini üns berip diñlän ene gyzyna ýüzlenip, şeýle diýdi:
-Gyzym, jan gyzym, şol Sonanyñ gözi gök oglundan başga oglan ýokmy ?! Onuň öýlenenine 3 ýyl boldy.
Begliniñ öýlenenine 3 ýyl bolanam bolsa, heniz perzentleri ýokdy. Ejesi Jemalyñ gözlerine göni seredip gürrüňini dowam etdi:
-Gyzym, sen heniz durmuşa çykmadyk gyz, açylmadyk gunça, sen özüñ ýaly öýlenmedik ýigit bilen durmuş gurup bilersiñ. Hany ayt, sen Beglä durmuşa çyksañ, onuñ gelnini nätmeli?! Sen ol barada oýlandyňmy? Heý-de biriniñ bagtyny alyp, bagtly bolaryn öýdýäñmi ?! Bu etjek bolýan işiñ gabahatdyr gyzym, ol senin taýyñ däldir. Eger-de ol seniň taýyň bolan bolsady, onda Allajan seni oña ýazardy. Onsoñam gyzym, abraý diýlen bir zat bardyr. Gardaşlaryñ bar-a, olaram ile çykmalydyr- diýip sözüni jemledi. Jemal ejesiniň sözüni üns berip diñledi. Bu barada köp oýlandy. Tereziniñ bir tarapynda onuñ ilkinji söýgüsi, beýleki tarapynda bolsa maşgalanyñ abraýy durdy. Мaral Jemalyñ elinden söýgüsini alanam bolsa Jemal onuñ özi bilen deñ bolmady, oña dözmedi. Jemal ýaşlygyndan hеr bir ätjek ädimini ejesi bilen maslahatlaşyp ätlärdi. Hemişe ejesine gulak asardy. Ol bu gezegem şeýtdi. Ejesini diñledi we Beglä “Ýok” diýmegi başardy. Kyn düşse-de Beglini unutmaga çalyşdy. Jemal okuwyny tamamlap, öz synpdaş ýigidi Aman bilen toý tutdy. Olaryň üç perzendi boldy. Aman ony birjikde ynjytmady. Olar bagtly ýaşaýarlar. Özüniñ adamkärçiligi hoşgylawlylygy bilen Jemaly özüne imrindirdi. Jemal öz durmuşyndan razy, ol adamsyny çyn ýüreginden söýýär. Ol özüni dünýäde iñ bagtly zenan hasaplaýar. Allajan bir ýagşy hereket eden adamy hökman ýalkaýar. Söýgi-bu Allanyň ýalkawy, peşgeşi. Ol hemme adama berilmeýär. Söýgüñizi goraň mähribanlar!

Okap bilersiňiz  Ýürekleriň melhemi

Oguljeren Öwezmyradowa,

Türkmenistanyň Döwlet haryt- çig mal biržasynyň baş hünärmeni.

 

 

             

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!