TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Sowuga durnukly gök ekinleriň ösdürilip ýetişdirilişi

Giçki döwürde ösdürilip ýetişdirilýän gök ekinlerden sogan açyk meýdanda kiçi düýpjagazlaryň joýalarda oturdylyp we tohumlaryny sepmek usuly bilen ýaş we düýp sogan ösdürilip ýetişdirilýär.  Sogan ekmek üçin taýýarlanan, joýalar çekilen topraga 20-25-nji sentýabrda sogan düýpjagazlary 60×60 sm 4-5 sm çyzgyt boýunça oturdylýar. Güýz aýlary sogana suw tutmak, haşal otlardan arassalamak, ýekelemek işleri geçirilýär. Gyş aýlaryna çenli gowy kök urup ýetişen, ösüp başlan sogana 6-8 0 C çenli howanyň sowap başlamagy hem howply däldir. Sebäbi sogan sowuga çydamly ekindir. Şol döwürde 2-3 günden suwarmak bilen sogany sowukdan gorap saklap bolýar. Eger howanyň howply derejesi 8-12 0 C çenli aşaklasa, joýalaryň içi ýarysyna çenli ýanmadyk sygyr dersinden doldurylýar we suw tutulýar. Ýanmadyk dersiň çykarýan ýylylygy sogany sowukdan gorap saklaýar.

Düÿpjagazlar bilen oturdylan sogan 40-45 günden iýmek üçin ýaramly ýa sogan bolup ýetişýär. Eger soganyň idegi gyşyň dowamynda amala aşyrylsa apreliň aýagynda maýyň 20-sine çenli owunjak düýp berýär. Ýerli Kaka soganynyň gektardan 90 sentner hasyl berýändigi mälimdir. Sogan tohumlary bilen 20-nji sentýabrdan 10-njy noýabra çenli ekip bolýar. Kadaly agrotehniki ideg geçirilende 45-50 günden ýaş soganyň hasyly ýygylýar.

Ogulşirin Haýdarowa,

TOHUnyň mugallymy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Prezidentini gutlady

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle