TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Sowgatlar barada gyzykly maglumatlar

Dünýädäki iň owadan şäherlerine ýa-da başga ýurda gezelenje, dynç almaga gidilende şol baran ýeriňden sowgat alyp gaýtmak dünýäniň ähli halklarynda diýen ýaly däp bolsa gerek. Şol sebäpli hem daşary ýurtly myhmanlaryň gelim-gidimli ýerlerinde sowgatlyk dükanlaryna köp gabat gelmek bolýar. Ol ýerden getirlen sowgatlar bolsa uzak ýyllaryň dowamynda ýatlama bolup galýar. Eýsem, haýsy ýurtda nähili sowgatlyk harytlar has köp satylýar bilýärsiňizmi?! Fransiýanyň syýahatçylyk kärhanasy bolan “Club Med” dürli ýurtlaryň özboluşlylygyna görä has köp satylýan sowgatlyk harytlar baradaky maglumatlary bize ýetirýär.

Türkiýe: Türkiýede iň köp satylýan sowgatlyk haryt gözmonjuk (nazar boncugu) hasaplanýar. Bu ýere gelýän syýahatçylaryň aglaba bölegi öz ýakynlaryna gözmonjugy sowgat etmek üçin alyp gaýdýarlar.

Ýamaýka: Merkezi Amerika we ekwator guşaklygyna ýakyn ýurtlara barýan syýahatçylar köplenç kofe satyn alyp gaýtmagy özlerine kyn görenoklar. Çünki iň gowy hilli kofe bu ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýändir. Bu ugurda Ýamaýka öňdeligi eýeleýär. “Blue Mountain” atly kofe dünýäniň iň gowy kofe görnüşleriniň öňdebaryjylarynyň biri hasaplanýar.

Kanada: Bu ýurda myhman bolýanlar köplenç klýon agajynyň şiresini satyn alýarlar. Ýurtda agajyň bu görnüşi örän giň ýaýran bolup, döwlet baýdagynda hem klýonyň ýapragyny görmek bolýar.

Ýaponiýa: Ýaponiýada sowgatlyk harytlar ýurduň medeniýeti bilen baglanyşyklydyr. Günüň dogýan ýurdu bolan Ýaponiýada myhmanlar özlerine origami kagyzyny satyn alýarlar.

Koreýa Respublikasy: Dünýäde ýaponlaryň çaý içişlik dabarasy has meşhurlyk gazanan hem bolsa, bu däp koreý medeniýetinde hem aýratyn uly orun tutýar. Bu ýurtdaky sowgatlyk dükanlaryň iň köp geçginli harydy ýurduň özüne mahsus bolan böwri tutawaçly çäýnek we dik edilip ýasalan käsedir.

Angliýa: Dünýäde iň köp ýagyn ýagýan ýurtlaryň biri hasaplanýar. Şol sebäpden hem bu ýerde saýawanlar gündelik durmuşyň bir bölegine öwrülendir. Şeýle bolandan soň, bu ýurduň myhmanlary öz göwünlerindäki ýaly saýawany tapyp bilýärler.

Belgiýa, Fransiýa we Niderlandlar: Bu ýurtlara syýahata barýan jahankeşdeleriň arasynda şokolad alyp gaýtmaýan megerem az bolsa gerek.

Latwiýa, Litwa we Polşa: Bu agzalan ýurtlara barýan myhmanlar köplenç zergärçilik önümlerini özlerine we ýakynlaryna sowgat etmek üçin satyn alýarlar.

Resul MEREDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň IV ýyl talyby.

 

“Lukoil” Hazardaky «Dostluk» ýatagynyň operatory bolmakçy

 

 

Ýene-de okaň

Döredijilik işgärleri bilen duşuşyk

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejesi

Ýaşlar – eziz Watanymyzyň geljeginiň gurujylarydyr

Teswirle