Sowgat

Bäsleşigiň “Söýgi durmuşyň gözbaşydyr” mowzugy bilen geçirilýänini görenimde, okuwçy wagtlarym eşiden hekaýajygym ýadyma düşdi. Şol hekaýanyň baş gahrymanlary meni diýseň haýran galdyrypdy, “Gör, bular biri-birine nähili aşyk jübüt!” diýipdim. Şonuň üçin hem men ony siz bilen paýlaşmak isledim. Men ony başardygymdan size ýetirmäge synanşaýyn…
Bu waka kiçiräjik şäherjikde ýaşaýan owadan maşgalada bolup geçipdi. Jon bilen Holynyň toý edenine eýýäm 3 ýyl dolup gelýärdi. Olar birnäçe ýyllar mundan ozal deňiz kenarynda tanşypdylar. Suratkeş görmegeý gyz balyk tutup duran ýaş ýigidiň suratyny çekmek isläpdi. Şol günden hem bu iki ýaş juwanyň arasynda bir bakyşda dörän  söýgi uçgunlary alawlap duran oda öwrüldi. Holy örän owadandy. Onuň görk- görmeginden seredip doýar ýaly däldi. Onuň balkyldap duran mawy gözleri, ok ýaly kirpikleri hem-de mähirli ýylgyryşy özüne maýyl edýärdi. Ýöne ähli zatdan beterem Jon Holynyň deňziň sergin şemalynda tolkun atýan  uzyn hem-de ýogyn altyn saçlaryna aşyk bolupdy. Eýýäm 3 ýyl bäri hem öz mähriban aýalynyň owsun atýan gözel saçlaryna aşykdy.
Jon barada aýdanymyzda ol balyk tutup öz gün-güzeranyny aýlap ýören garypja ýaş ýigitdi. Onuň barja baýlygy kakasyndan galan ýekeje altyn sagadydy, ýöne ony hem Jon köpçülikde çykaryp bilenokdy. Sebäbi zynjyrsyz göterýän sagadyna kimdir-biri güläýjek ýalydy. Jonyň baý maşgaladan bolmanlygy Holy üçin gatybir zerur zat däldi, sebäbi Holy üçin iň uly baýlyk Jonyň aýdýan ýüregini ýyladyjy mähirli sözleri hem-de Holyny gurşap alan çäksiz söýgüsidi.
Aýlar aýlanyp, ýyllar geçip dur, güýz günleriniň başyny sypaýan sowujak şemaly garaşylan baýramy golaý getirýärdi. Olar bu 3 ýyllyk baýramlarynda biri-birine ýakymly sowgat etmegi ýüreklerine düwüpdiler. Bir gün olar şäheriň köneje bazarynda aýlanyp ýörkäler birden Holynyň gözleri şäheriň belli zergäriniň dükanynda eglendi. Onda şeýlebir owadan, nepis edilen, gaşlary bilen gözleriňi alyp barýan saça dakylýan şaý-sep bar eken. Ussa ony täze ýasan bolarly, dükanyň iň görkli ýerinde bezäp goýupdyr, ol görenleri özüne çekip durdy. Jon mähriban aýalynyň bu owadan işe aşyk bolanyna göz ýetirdi we ýetip gelýän baýramlarynda ony Hola sowgat bermegi ýüregine düwdi. Ol öz içinden: “ Ýaşyl zümerret gaşlar bilen bezelen bu ajaýyp sungat eseri Holynyň altyn saçlarynda nähili ajaýyp bolar. Ol ir döwürlerdäki wasp edilýän  şa gyzylaryna meňzär!” diýip pikir etdi. Wah, ýöne ony satyn almak üçin zerur bolan puly nireden almaly?!
Güýzüň altyn ýaprakly günleri kerwen gurap geçdi. Garaşylýan gün eýýäm ýakyn gelipdi. Holy hem adamsyna ýatdan çykmajak ajaýyp sowgat bermek isleýärdi. Ol öz-özüne:”Jonyň hemişe ýanynda saklajak zadyny sowgat bermeli, goý ol her minutda meni ýatlasyn. Dur-la, hawa, hawa men onuň sagadyna dakar ýaly altyn zynjyr sowgat edeýin, ol zynjyry alanda gaty begener we gaýdyp köpçülikde sagadyny çykarmaga-da utanmaz!” diýdi we altyn zynjyr almaly diýen karara geldi. Ýöne bu gymmat bahaly sowgat üçin puly nireden tapmaly?!
Inede 21-nji oktýabr. Garaşylan şol ajaýyp gün gelip ýetdi. Jon ir säher bilen balyga diýip öýden çykyp, altyn şaý-sepi almaga gitdi. Holy bolsa adamsynyň öýden giden badyna ylgap, gözellik merkezine ugrady. Ol baran badyna: “Bu gün meniň üçin ajaýyp gün, biziň toý edenimize 3 ýyl doldy! Men üçin örän tolgundyryjy waka!” diýip gyzlar bilen begenjini paýlaşdy. Gözellik merkezinde işleýän gyzlar: “Onda biz sizi örän owadan ederis” diýen jogaba Holy: “Ýok, ýok, men bu ýere onuň üçin gelmedim, men uzyn saçlarymy kesdirmek üçin geldim” diýdi. Çünki bugün bu nurana gözel altyn zynjyry satyn alyp bilmek üçin altyn saçlaryny satmaly diýen karara geldi. Dellekçi zenan onuň ýogyn we uzyn saçlaryny kesmäge-de dözenokdy, ýöne  Holy  öz mähribany üçin bu gözellikden ýüz öwürdi. Ol aýnada özüni ilki  görende, birbada tanamady. Onda-da Holy üçin şu wagt aýnadaky zenandan öz eziziniň ýylgyryşy has wajypdy. “Saçlarym ýene öser-dä!” diýen pikirler bilen altyn zynjyry almaga howlukdy.  Ol zynjyry eline alyp, bu işi başaranyna guş bolup uçaýjak bolýardy.  Holy öýe gelip, agşamlyk nahary taýýarlady, Jonuň iň gowy görýän naharlary bilen saçagy bezedi we onuň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Ine-de gapynyň şakyrdaýan sesi eşidildi. Holynyň ýüregi çalt-çalt urýardy, “Birden Jon meni bu halymda halamasa näderin?!” diýip oýlandy. Jon elindäki zümerret gaşly şaý-sepini mähribanynyň saçlaryna dakmak üçin ýylgyryp aşhana girdi, ýöne öňünde duran nätanyş zenanyna seredip doňup galdy:
-Holy?!
-Hawa, mähribanym bu men we bu meniň täze keşbim – diýip ýylgyrdy. Jonyň dili tutulyp näme jogap berjegini bilmedi. Ol elindäki sowgadyny stoluň üstünde goýdy. Holy ony görüp,
-Bu meniň şol aradaky bazarda halan saça dakylýan şaý-sepim ahyryn- diýip begendi, birdenem özüniň altyn saçlaryny kesdireni ýadyna düşüp, dymdy.
-Men seniň altyn saçlaryň aşygydym ahyryn, näme üçin beýtdiň?-diýip Jon pessaýja seslendi.
-Ezizim, sen häzir näme üçindigini bilseň gynanmagyňy bes edersiň, saçlarym ýene öser gynanma sen esasy muňa seret!-diýip, sagada dakylýan altyn zynjyry adamsyna uzatdy:
-3 ýyllyk baýramymyz gutly bolsun!-diýip gygyrdy. Jon bolsa bu sowgady görüp, damagy dolup gözlerinden ýaş gaýtdy. Bolýan zatlaryň sebäbine düşünmeýän Holy:
-Ezizim, gynanmasana  saçlarym ýene öser men seniň bu zümerret gaşly şaý-sepiňi dakyp, seni begendirerin ahyryn- diýip ony köşeşdirmek isledi. Jon bolsa:
-Wah, meniň gözlerim oňa dolmady-la Holym, men bu şaý-sepi satyn almak üçin, kakamyň altyn sagadyny satdyma. Men biziň düşen bu günümize gynandym, men seni şeýlebir gowy görýän!-diýip, aýalyny gujaklady.  Holy indi ähli zada düşündi. Ol:
– Goý bu gün , biziň biri-birimize iň uly sowgadymyz, biziň söýgümiz bolsun!-diýip ýylgyrdy.

Okap bilersiňiz  Döredijilik höwesimi artdyrdy

 

Şirin Wekilowa,

“Türkmenhowayollary” agentliginin işgäri.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!