Söwda we jemgyýetçilik iýmit kärhanalarynyň çäklendirme möhleti

Türkmenistanda ýiti öýken keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen söwda we jemgyýetçilik iýmit merkezleriniň işiniň çäklendirmek möhleti 1-nji noýabra çenli uzadyldy. Bu barada “orient.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Bu babatda alnan çözgüde laýyklykda, banket zallarynyň, restoranlaryň, kafeleriň we garbanyşhanalaryň işi çäklendirilýär. Bu çäklendirmeler azyk we gündelik haryt satýan dükanlara degişli däldir.

Mälim bolşy ýaly, ozal söwda we jemgyýetçilik iýmit merkezleriniň işi 15-nji oktýabra çenli çäklendirilipdi.

Şu ýerde ýene-de bir zady bellemek gerek, mundan ozal söwda we jemgyýetçilik iýmit merkezleriniň işiniň 1 aý möhlet bilen çäklendirilipdi.

14-nji sentýabrda size ýetiren habarymyzda 15-nji oktýabra çenli jemgyýetçilik hyzmat merkezleriniň, naharhanalaryň, banket zallarynyň, restoranlaryň, kafeleriň we garbanyşhanalaryň  we şuňa meňzeşleriň işiniň wagtlaýyn çäklendirmeleri uzaldylypdy.

Şuňa meňzeş çäklendirmeler hyzmat ediş desgalaryna merkezlerine (kinoteatrlar, teatrlar, oýun attraksionlary, muzeýler, gözellik salonlary, hammamlar), sport desgalary (basseýnler, fitnes we aerobika klublary), eýeçilik  görnüşlerine garamazdan we oýun merkezlerine gysga möhletli kurslarada degişli edilipdi.

Bir-iki günlükde size ýetiren habarymyzda hyzmat pudagyna degişli kärhanalaryň işi şu ýylyň 15-nji noýabryna çenli çäklendirilipdi. Olaryň hatarynda kinoteatrlaryň, teatrlaryň, seýilgähleriň attraksion oýun meýdançalarynyň, muzeýleriň, gözellik salonlarynyň, hammam we sport desgalarynyň (howzular, fitnes we aerobika klublary) atlary agzalyp, söwda hem-de jemgyýetçilik iýmit merkezleriniň atlary agzalmandy.

Söwda we jemgyýetçilik iýmit merkezleriniň çäklendirme möhleti häzirki wagtda 15 gün boldy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, otly we şäherara awtobus gatnawlary 1-nji noýabra çenli, halkara howa gatnawlary 31-nji oktýabra çenli togtadylypdy.

Bulardan başga-da, Hazar deňziniň kenarynda raýatlaryň dynç almagyna girizilen çäklendirmäni 1-nji noýabra çenli uzaldylypdy.  Ýöne oktýabr aýyndan başlap, Hazaryň kenarynda diňe “Awaza” şypahanasynda dynç almaga rugsat berildi.

Diňe Türkmenistanda dellekhana we tikinçilik kärhanalarynyň işiniň ähmiýetini göz öňünde tutulyp, olaryň işine 1-nji noýabra çenli rugsat berlipdi.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 



ÝENE-DE OKAŇ

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýada saparda bolar. - Russiýanyň Prezidenti bizi Russiýa çagyrdy. Çakylyk kabul edildi. Meniň üçin bu örän hormatdyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleri açýar - diýip, Bolsonaru hepdelik çykyşynda mälim etdi. Braziliýanyň lideriniň aýtmagyna görä, bu saparyň fewral-mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar. Bolsanaru köp sanly ministrler bu...
Energetika ministrliginiň binasynda sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Toparyň işine iki dostlukly ýurduň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy...
Angliýada koronawirus pandemiýasyna garşy sanjymlaryň ýedisinde geçirilen barlaglar üçünji sanjym babatynda «Pfizer» we «Modernanyň» has netijelidigini ýüze çykardy. Şeýlelikde, üçünji sanjymlar babatynda ilkinji synaglar hem tamamlandy. Aslynda, iňlis hökümeti üçünji sanjym üçin, hut, şu iki sanjymy saýlap aldy. Olaryň urulmagy bilen bedeniň kesele garşy göreşijiligi has güýçlenýär. Geçirilen deslapky barlaglar üçünji sanjymyň keseliň täze ştammy bolan «Omikron» görnüşiniň öňüni almakda hem...
1992-nji ýylyň 3-nji dekabrynda aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň taryhynda möhüm tapgyra öwrülen bir waka bolup geçdi. Ýagny, bu gün dünýäde ilkinji SMS iberildi. Gysga tekst habarlaryny ibermegiň has giňden ýaýramagy, bu wakanyň öýjükli aragatnaşygyň taryhynda möhüm ähmiýete eýe bolandygyny tassyklaýar. Şeýle hyzmaty döretmek pikiri bolsa, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda, GSM standartyny döretmek boýunça işler alnyp barylanda ýüze çykypdyr. Taslamanyň çäginde Ýewropaly...
Dil-aragatnaşyk serişdesidir. Sözleýiş hakykaty şöhlelendirmegiň  adama mahsus bolan görnüşidir. Dil we sözleýiş aň we pikirlenme bilen gönüden göni baglanyşykly bolup, pikirlenmäni beýan edýär. Çaganyň dil öwrenýän wagty-mekdebe çenli ýaşly döwrüne gabat gelýär. Çaga 5-6 ýaşy dolýança öz ene dilinde arkaýýyn geplemegi, öz pikirini aýdyň beýan etmegi çagany terbiýelemekdäki möhüm meseleleriniň biridir. Çaganyň ene dilindäki sesleri dogry aýtmagy, sözleri we...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
907FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar