TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Söwda ulgamynda hususylaşdyrmak işi dowam edýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylarynyň  gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda geçen ýyl ýurdumyzyň  söwda toplumyny ösdürmek ugrunda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarow gözegçilik edýän ministrliginiň işleri barada hasabat berdi. Ministrligiň garamagynda kärhanalaryň jemi 157-si bar. Hasabat döwründe söwda dolanyşygynyň ösüşi 106,6 göterime, önümçiligiň möçberi 116,1 göterime barabar boldy.

Şu güne çenli Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň garamagyndaky kärhanalara degişli desgalaryň 138-si kanunçylyga laýyklykda tapgyrlaýyn hususylaşdyryldy. Şeýle hem önümçilik kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek we hususy talaplar bilen bilelikde olary döwrebaplaşdyryp, önümçiligi artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna” laýyklykda elektron söwda ulgamyny has-da giňeltmek, dükanlaryň we söwda kärhanalarynyň hasabatyny sanly ulgamyň üsti bilen ýola goýmak, onlaýn söwda düzgünlerini halkara tejribeleri esasynda kämilleşdirmek boýunça işler amala aşyrylýar. Ministrligiň garamagyndaky Kompýuter tilsimaty merkezinde okuwçylar üçin kompýuterleriň önümçiligi alnyp barylýar.

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görülýär

Teswirle