TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Söwda üçin täze ulgam: kart we nagt pul zerur däl

Dünýäniň öňdebaryjy “Amazon” söwda saýty we kompaniýasy täze bir funksiýa hödürleýär. Ösen ulgama laýyklykda, ABŞ-nyň Sietl şäherindäki “Amazon Go” bazarlarynda müşderiler satyn alan harytlaryny diňe elleriniň içini görkezip töläp bilerler. “Amazon One” atly ulgamy Sietl şäherinden soň San-Fransisko, Nýu-Ýork we Çikago şäherlerinde ornaşdyryljakdygyny habar berildi.

“CNN”-de peýda bolan “Amazonyň” ýokary derejeli ýolbaşçylaryndan biri bolan Dilip Kumar “Amazon One” ulgamynyň koronawirus pandemiýasyndan öň taýýarlanandygyny nygtap geçdi. Şeýle-de bolsa, pandemiýa günlerinde aragatnaşyklary azaltmak bilen söwda etmek isleýän ulanyjylaryň ulgamdan peýdalanmagyna garaşylýar. Kumar müşderileriň el aýalarynyň yzlary “Amazonyň” ştab-kwartirasynda kodlanandygyny belläp geçdi.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Dizel ýangyjyna we nebit ýol bitumyna isleg bildirildi

Döwlet býujeti: çykdajylaryň 75 göterim durmuş ulgamyna gönükdiriler

Internet paketleriniň täze nyrhlary: Türkmenistan

Baş Redaktor

Teswirle