Şu gün — 4-nji aprelde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. Serginiň dabaraly açylyşyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdy.
Açylyş dabarasynyň başynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän gözden geçiriliş diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýän milli ykdysadyýetimizde gazanylýan üstünlikleri giňişleýin açyp görkezýär.
Sergi diwarlyklarynda haly sungatynyň ajaýyp nusgalary, ýurdumyzyň dokma senagatynyň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, dünýäde uly islegden peýdalanýan ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we bäsdeşlige ukyply önümleri görkezilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň 70-den gowragynda nah we garyşyk ýüplükleriň dürli görnüşleri, matalar, taýýar egin-eşikler, el halylary öndürilip, dünýä bazaryna ýokary hilli harytlar çykarylýar. Soňky ýyllarda «Bedew», «Gala», «Bürgüt», «Ýeňiş», «Goza», «Nusaý», «Wada», «Mäne», «Jeýtun» ýaly söwda nyşanlary bilen öndürilýän harytlar bezeg we hil aýratynlyklary bilen ildeşlerimiziň uly söýgüsini gazandy.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine degişli düzümleriň pawilýonlarynda azyk önümleriniň dürli görnüşleri we ilata edilýän hyzmatlar görkezilýär.
Gözden geçirilişiň bir bölegi ýurdumyzda uly ösüşe eýe bolýan innowasion senagatyň mümkinçiliklerine bagyşlanýar. Bu gün ýurdumyzda smart telewizorlary, noutbuklary, planşetleri, monobloklary, sensor ekranly kompýuterleri öndürmekde-de uly üstünlikler gazanylýar. Degişli ugurda döwletiň hususy telekeçilik bilen hyzmatdaşlygy oňyn netije berýär.
Beýleki bir bölümi çeper el işleriniň sergisine bagyşlandy. Şeýle hem bu ýerde milli modalar öýleriniň taýýarlan göze gelüwli lybaslarynyň görkezilişi guralýar. Milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşygyny emele getirýän lybaslar sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döredýär.