Söwda senagaty her bir ýurduň ykdysadyýetindäki ähmiýetli pudaklaryň biridir. Hut şu nukdaýnazardan hem ýurdumyzda bu ulgama aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň telekeçilik ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar mehanizmleriniň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy bölegiň ornunyň ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» strategik usullarynyň biridir. Şu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ugrunda ýurdumyzda sergilerdir dabaraly maslahatlar yzygiderli geçirilýär.
Golaýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçirildi. Sergi milli söwda pudagynyň özboluşly gözden geçirilişi bolup, pudagyň ösüşiniň, içerki bazaryň, öndürijileriň eksport mümkinçilikleriniň ýagdaýlaryna baha bermäge giň mümkinçilik döretdi. Sergä söwda toplumynyň 100-den gowrak kärhanasy we düzümleri, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşdylar.
Soňky sanlyja ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly desgalaryň ençemesini ýokary hilli we öz wagtynda gurmagy başarýarlar, önüm öndürmekde ýokary netijeleri gazanýarlar.
Türkmenistanyň daşary döwletlerdäki söwda öýleri hem yzygiderli açylýar. Soňky ýyllarda Özbegistanda, Türkiýede, Russiýada, Belarusda we birnäçe beýleki döwletlerde ýurdumyzyň söwda wekilhanalarynyň açylandygyny bellemek gerek. Bu edaralaryň üsti bilen ýokary hilli senagat we oba hojalyk önümleriniň amala aşyrylýan söwdasynyň depgini barha artýar.
Şeýle hem serginiň çäklerinde Söwda-maglumatlar portalynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň okgunly ösýän ykdysadyýetinde möhüm wakadyr. Täze portal, ilkinji nobatda, biziň ýurdumyz üçin Merkezi Aziýa döwletleri bilen aç-açan serhetüsti söwda amallaryny alyp barmaklyga amatly şert döredýär. Şeýlelikde Halkara söwda merkezi tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) goldamagynda we Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen hyzmatdaşlykda «Ready4Trade Merkezi Aziýa» taslamasynyň çäginde amala aşyrylan bu onlaýn platforma dünýäniň 30 döwletinde peýdalanylmak bilen, Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlykda söwdany ýeňilleşdirmegiň esasy maksadynyň berjaý edilmegine ýardam edýär.
Umuman, bu portal ýurdumyzyň söwda ulgamynyň sanly ulgamyndaky ähmiýetini artdyrmak bilen, ýurdumyzyň Bütindünýä söwda guramasy agza bolmagy üçin hem möhüm ädimdir.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmekde söwda toplumyna uly işler degişli bolup durýar. Bu ugurda hem netijeli işler ýola goýulýar.
Serdar Badyýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.