TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Söwda, iýmit we dini edaralaryň işleriniň çäklendirme

Türkmenistan sebitdäki we dünýädäki epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly söwda, iýmit we dini edaralaryň işine öň girizilen çäklendirmeleri şu ýylyň ahyryna çenli uzaltdy. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Şol habarda bellenilip geçilişi ýaly, söwda kärhanalarynyň (azyk we gündelik haryt satýan dükanlardan başgalary) we jemgyýetçilik iýmit ýerleriniň (banket zaly, restoran, kafe we naharnaha) işi 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli çäklendirilýär.

Şeýle hem 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli metjit we zyýarathanalar hem ýapyk bolar.

Mundan ozal, söwda, jemgyýetçilik iýmit we dini edaralaryň işi 2020-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli çäklendirilipdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, ýurdumyzda otly we şäherara awtobus gatnawlary hem-de halkara howa gatnawlary şu ýylyň ahyryna çenli togtadylypdy.

Siz biziň Android ulgamynda işleýän Applikasyýamyzy şu ýere basyp, özüňiziň mobil telefonyňyza ýükläp ähli eserleri, şeýle hem, beýleki habarlary aňsatlyk bilen okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

Şäherara awtobus petekleriniň onlaýn satuwy

Daşoguzda täze saglyk öýi açyldy

Teswirle