Söwda, iýmit we dini edaralaryň işlerine çäklendirme

Türkmenistan sebitdäki we dünýädäki çylşyrymly epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly we raýatlaryň saglygyny goramak maksady bilen söwda we jemgyýetçilik iýmit, medeniýet we hyzmatlar ulgamynyň kärhanalarynyň işine öň girizilen çäklendirmeleri 2021-nji ýylyň 1-nji martyna çenli uzaldyldy. Bu barada “orient.tm” internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Şol habarda bellenilip geçilişi ýaly, söwda kärhanalarynyň (azyk we gündelik haryt satýan dükanlardan başgalary) we jemgyýetçilik iýmit ýerleriniň (banket zaly, restoran, kafe we naharnaha) işi 2021-nji ýylyň martyna çenli çäklendirilýär.

Kinoteatrlaryň, teatrlaryň, seýilgähleriň, muzeýleriň, gözellik salonlarynyň, hammamlaryň we sport desgalarynyň (basseýnler, fitnes we aerobika klublary) işleri çäklendirilýär. Şeýle hem, çäklendirmeler eýeçiligiň görnüşine garamazdan gysga möhletli tölegli kurslaryň we oýun merkezleriniň ähli görnüşlerine degişlidir.

Şol bir wagtyň özünde, häzirki sanitariýa we arassaçylyk ülňülerine, dezinfeksiýa düzgünlerine we iş tertibi bilen sagat 09: 00-dan 20:00-a çenli  dellekhana we tikinçilik atelýeleriniň işlemegine rugsat bermegiň möhleti 1-nji marta çenli dowam edýär.

Şol döwürde uniwersiadalar we spartakiadlar ýaly ähli sport ýaryşlaryny geçirmek, şeýle hem metjitlere baryp görmek we dini ybadat ýerlerine zyýarat etmek üçin çäklendirmeler uzaldyldy.

Siz saýtymyza goýulan habarlardan dessine habarly bolmak isleýän bolsaňyz, onda biziň Android ulgamynda hereket edýän applikasiýamyzy-Atavatan Türkmenistan Applikasiýasyny  telefonyňyza Google Plaý dükanyndan şu ýere basyp ýükläp alyň!