TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Söwda boýunça türkmen-ýapon gepleşikleri geçirildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda gatnaşyklary ýyldan-ýyla okgunly ösdürilýär. Bu gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmek we ösdürmek 2-nji sentýabrda iki döwlet Söwda-senagat edaralarynyň arasynda geçirilen wideomaslahatyň esasy özenini düzdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, türkmen-ýapon gepleşiklerine TSTB-niň wekilleri hem gatnaşdylar. Çünki ýapon işewürleri türkmenistanly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň geljegine diýseň ýokary baha berýärler.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn bähbitli taslamalaryň we meýilnamalaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ozal baglaşylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary boýunça ylalaşyklary baglaşmak hem maslahatda orta atylan meseleleriň hataryna girdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanda döwlet saparynda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini 70 ýaş ýubileýi bilen gutlady

Türkmenistan Hazarýaka döwletleri bilen ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýar

Teswirle