TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
PEÝDALY MASLAHAT

Sously et

Gerekli önümler:

  • 500 gram sygyr eti
  • 1 sogan
  • 2/3 sarymsak
  • 1 nahar çemçesi pomidor goýaltmasy
  • 1 çaý çemçesi gara burç
  • 1 çaý çemçesi gyzyl burç
  • 1 çaý çemçesi duz
  • 2 sany pomidor
  • 1 käse gaýnan suw

Taýýarlanylyşy:

Ilki bilen kesilen etlerimizi gyzdyrylan gazana atýarys. Et şirelerini çykarýança bişireliň! Soňra burç bilen duzuň bir bölegini guýup, gyrgyçdan geçirilen sogan we sarymsagymyzy goşýarys. Soganymyz gowy ýumşaýança bişireliň. Soganlar gowy bişende, pomidor goýaltmasyny we ýakymly ysly zatlary goşup, garyşdyryp, bir-iki minut gowurmaly we soň pomidor goşup garyşdyrmaly. Soňra 1 käse gaýnan suw goşýarys, gazanymyzyň gapagyny ýapýarys, ys gelýänçä bişirýäris we lezzetli etlerimiz taýýar. Işdäňiz açyk bolsun!

Dalaşgär hödürleýän raýatlaryň teklipçi toparlary bellige alyndy

Ýene-de okaň

Täze ýyl gijesi: awtobuslar 02:00, taksiler gije-gündiz hereket eder

Aşgabat şäheri boýunça awtoulaglary resmileşdirmek üçin nokatlaryň ýerleşýän salgylary

Ata Watan Eserleri

Sürüjilik şahadatnamasyny çalyşmaklyk üçin gerekli resminamalaryň sanawy

Ata Watan Eserleri

Teswirle