Ýurdy dolandyrýan Şotland milli partiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine ilkinji gezek musulman ýolbaşçsy bellendi. Ol hem Hamza Ýusuf boldy. Şol bir wagtda ol Şotlandiýanyň parlamenti tarapyndan ýurduň birinji ministri wezipesi üçin dalaşgärligi tassyklandy.
Onuň dalaşgärligi üçin 129 deputatyň 71-si öz sesini berdi. Syýasatçy ilkinji musulman we etniki azlyga wekilçilik edýär.
Hamza Ýusuf kasam kabul edip, Şotlandiýanyň täze ýolbaşçysy boldy. Hamza bu wezipä saýlanmazdan ozal, ýurduň esasy partiýasynyň başlygy bolmagy başardy. Ol bu ugurda özüniň esasy bäsdeşi Keýt Forbsdan öňe saýlandy.
Hamza Harun Ýusuf 1985-nji ýylyň 7-nji aprelinde Glazgo şäherinde dünýä indi. Ol Nikola Sterženiň hökümetinde 2018-2021-nji ýyllarda adalat ministri, 2021-nji ýylda saglygy goraýyş ministri wezipelerinde işledi.
Onuň kakasy pakistanly we 1960-njy ýyllarda Şotlandiýa göçüp gelipdir. Ejesi bolsa, Keniýada dünýä inipdir.
Mälim bolşy ýaly, Şotlandiýanyň birinji ministri, ýagny Ministrler Kabinetiniň ýolbaşçysy Nikola Steržen 2014-nji ýyldan bäri bu wezipäni alyp barýardy we şu ýylyň fewralynda wezipesinden çekiljekdigini belläpdi.
Häzriki wagtda Şotlandiýa Birleşen Patyşalygyň düzüminde galýar.