TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

“Sotheby”-iň taryhynda iň ýokary görkeziji

“Sotheby’s” auksion öýi 2021-nji ýylda 7,3 milliard dollarlyk satuwy bilen taryhynda iň ýokary görkezijä ýetdi. Ýylyň jemleri boýunça iň gymmat eser meşhur suratkeş Sandro Bottikelliniň “Young Man Holding a Roundel” atly portreti boldy.

“Sotheby’s” auksion öýi 2021-nji ýyldaky satuw görkezijilerini mälim etdi. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýylda jemi 7,3 milliard dollar bahada satuw amala aşyryldy. 277 ýyllyk taryhynda iň köp satuw görkezijisine ýeten auksion öýi, ýeňişde iň uly faktor hökmünde tehnologiýany ýakyndan yzarlaýan ýaş kolleksionleri görkezdi. Ýylyň ahyryna çenli geçiriljek täze auksionlary bolan “Sotheby’s” satuw sanynyň hasam artjakdygyny habar berdi.

“The Guardian” gazetiniň habaryna görä, auksion öýi 2021-nji ýylda 15 million dollardan gowrak bahada 57 bölek satuw işini etdi. Satylan iň gymmat eser Sandro Bottikelliniň “Young man holding a roundel” atly suraty boldy. Surat 92,2 million dollara öz alyjysyny tapdy. 2021-nji ýylda satuw nyrhlary hem 2020-nji ýyldakydan 71 göterim ýokarlandy.

Auksion öýüniň müşderileriniň arasynda 40 ýaşa ýetmedikleriň gatnaşygy öňki ýyl bilen deňeşdirilende 187 göterim ýokarlandy. Şu ýyl ilkinji NFT satuwyny gurnan “Sotheby” auksion öýi, dünýädäki web çeşmesiniň kody saýlamakdan üç günlük auksionda jemi 16,8 million dollarlyk satuw amala aşyrdy.

Beýleki tarapdan, ýaş kolleksionerleriň tehnologiýa bilen baglanyşykly fiziki eserlerini satyn almagy hem dowam etdi. Geçen aý “Tron” kripto walýuta platformasynyň düýbüni tutujy Jastin Sun, Alberto Giakomettiniň “Le Nez” atly işini 78,4 million dollara satyn aldy.

Londonda döredilen “Sotheby” kompaniýasy dünýäniň 80 sany kompaniýasynda hyzmat edýär. 1744-nji ýylda esaslandyrylan “Sotheby’s”, dünýädäki şekillendiriş sungaty auksionçylarynyň iň gadymy we halkara derejesinde ykrar edilen auksion öýüdir. “Sotheby” -niň esaslandyryjysy Samuel Baker 1744-nji ýylyň 11-nji martynda ilkinji auksionyny öz ady bilen geçiren telekeçidir. Ol esasan wagtal-wagtal neşir edýän we üstünlikli kitap satýan adamdy.

1 million doza sanjym biderek boldy

Ýene-de okaň

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

Orazgül Gurdowa 70 ýaşady

Ata Watan Eserleri

Noýabr aýynyň soňky 10 günlügi: halkara medeni çäreler

Teswirle