Sosial aragatnaşyk torlary dünýäniň ilatyna nädereje täsir edýär? Käbir maglumatlara ýüzleneliň!
• 2019-njy ýylyň dekabr aýyndaky ýagdaýa görä, Ýer ýüzünde 7,8 milliard adam ýaşaýar;
• Internetden peýdalanyjylaryň sany 4,54 milliard adam;
• Şolardan 3,725 milliard adamda ýokary tizlikdäki internet mümkinçiligi bar;
• Bir günüň dowamynda internetiň başynda geçirilýän wagt ortaça 142 minut;
• Kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýanlaryň 81 göterimi sosial torlardan işjeň peýdalanýar;
• 2018-nji ýylyň oktýabr aýyndan soňky bir ýylyň içinde sosial ulgamlardan peýdalanyjylaryň sany 328 million adam artdy;
• Bu her sekuntda 10 ulanyjynyň köpelýändigini görkezýär;
• «Facebook», «Messeger» we «Whatsapp» ýaly has iri torlar arkaly her gün 60 milliard hat ugradylýar:
• Diňe ýaşlaryň arasynda geçirilen sowalnamada oňa gatnaşyjylaryň 81 göterimi sosial torlaryň peýdalydygyny nygtapdyr. Emma ulular bilen bilelikde geçirilen sowalnama oňa garşy netijäni beripdir;
• Diňe 2019-njy ýylda sosial torlardaky mahabatlar üçin 90 milliard dollar sarp edildi;
• «Facebookda» häzir her gün 500 million ulanyjy 8 milliard wideo paýlaşýar;
• «Google» bir aýda 100 milliard maglumaty täzeleýär;
• Bu bolsa her sekuntda «Google-a» 40 müň maglumatyň ýerleşdirilýändigini görkezýär;
• «Facebookda» her gün 50 müň sany täze ulanyjy peýda bolýar.